Amerikanyň 12 ştatynyň prokurorlary birleşip, Warner Bros. Discovery, Inc. (Warner Bros.) we Paramount Skydance Corporation (Paramount) ýaly ägirt uly media korporasiýalarynyň birleşmegini bökdemek talaby bilen kazyýete şikaýat arzasyny ýazdylar.
Kaliforniýanyň prokurory Rob Bontanyň habar bermegine görä, bu arza Kaliforniýanyň Demirgazyk okrug kazyýetine tabşyryldy. Bu bileleşige Kaliforniýadan başga-da Arizona, Kolorado, Konnektikut, Massaçusets, Minnesota, Newada, Nýu-Jersi, Nýu-Meksiko, Nýu-Ýork, Oregon we Waşington ştatlary goşuldy.
Şikaýatçylar bu iki kompaniýanyň birleşmeginiň olaryň arasyndaky bäsdeşligi doly ýok etjekdigini öňe sürýärler. Netijede dörjek täze ägirt uly kompaniýa ABŞ-daky ähli kabel telewideniýesiniň we kinoteatrlardaky film görkezilişiniň takmynan üçden bir bölegini öz gözegçiligine alar. Bu ýagdaý kinoteatrlara, kabel ýaýradyjylaryna we iň esasy hem tomaşaçylara uly zyýan ýetirer.
Ştat häkimiýetleri kazyýet işi tamamlanýança taslamany meýletin togtatmagy talap etdiler, eger bu bolmasa wagtlaýyn gadagançylygy kazyýet üsti bilen gazanjakdyklaryny duýdurdylar. Rob Bonta öz beýanatynda: «Bu bikanun birleşme bahalaryň gymmatlamagyna, hiliň peselmegine we kino hem-de telewideniýe üçin taýýarlanýan önümleriň sanynyň azalmagyna getirer» diýip düşündirdi.
Bahasy takmynan 110 milliard dollar bolan bu taslama mundan öň hem hünärmenler tarapyndan berk tankyt edilipdi. Aprel aýynda kino we telewideniýe pudagynyň müňden gowrak işgäri, şol sanda Hoakin Feniks, Emma Tompson we Jeyn Fonda ýaly meşhur aktýorlar bu ylalaşyga garşy açyk hat ýazdylar. Olaryň pikiriçe, şeýle monopoliýanyň döremegi kino önümçiliginiň çykdajylaryny artdyrar we köpçülikleýin iş orunlarynyň gysgalmagyna sebäp bolar.
Ýüze çykan ýagdaýlar sebäpli Paramount kinostudiýasy ylalaşygy tamamlamaly senesini 16-njy iýuldan 22-nji iýula geçirdi. Bu gijikme Oregon ştatynyň prokuraturasynyň barlag geçirmek üçin içerki resminamalary talap etmegi sebäpli ýüze çykdy.