Toyota ulaglarynyň bahasyny arzanlatmak üçin hytaý komponentlerini satyn alyp başlady

06.08.2025, 17:5711,834

Toyota Tailanddaky zawodlarynda elektromobilleri ýygnamak üçin hytaý öndürijilerinden ulag komponentlerini satyn alyp başlady. Kompaniýa önümçilik çykdajylaryny azaltmak we bazarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin şeýle netijä geldi.

Nikkei Asia-nyň habar berşi ýaly, hytaý komponentleri Toyota-nyň Günorta-Gündogar Aziýada esasy önümçilik bazasy bolan Tailanddaky zawodlarda öndürilýän täze elektromobil modellerinde ulanylar.
Önümçilik çykdajylaryny azaltmak boýunça strategiýanyň çäklerinde Toyota esasy söwda hyzmatdaşyna – Tailandyň Summit Group kompaniýasyna Hytaýyň salon materiallaryny öndürijisi Wuhu Yuefei New Sound-Absorbing Materials bilen hyzmatdaşlyga başlamagy teklip etdi. 2025-nji ýylyň ýanwarynda olar ulag komponentleri bilen üpjün etmek üçin bilelikdäki kärhanany döretdi. Geljekde Tailandda olary öndürjek zawody açmak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Toyota beýleki ýapon ulag şaýlaryny üpjün edijileri-de press-formalary çykarýan Zhejiang Kaihua Mould hytaý kompaniýasynyň we polimer materiallaryny öndüriji Kingfa Technology kompaniýasynyň önümlerini ulanmaga çagyrdy. Toyota-nyň pikiriçe, bu çykdajylary azaltmaga we arzan şaýlara elýeterli bolmaga kömek eder. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.