Infografika: dünýä dürli ýurtlarynda ilatyň ýaş tapawudy nähili

28.10.2025, 12:526,865
1 / 2

Visualcapitalist portalyň hünärmenleri dünýäniň dürli ýurtlarynda ilatyň ortaça ýaşyny görkezýän infografika taýýarladylar. Maglumatlar ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw Müdirliginiň (CIA) maglumatlaryna esaslanýar we geçen ýylyň soňky döwri boýunça täzeligi saklaýar.

Ýewropa dünýäniň iň “garry” sebitidir: bu ýerde ýaşaýjylaryň ortaça ýaşy takmynan 43 ýyl. Aziýada ýagdaý has dürlüdir: käbir ýurtlarda ilat örän garry — mysal üçin, Ýaponiýada ortaça ýaş 50 ýyl, emma käbirlerinde ýaşlar agdyklyk edýär — Owganystanda ortaça ýaş 20 ýyl.
Sanawyň başynda Monako ýerleşýär, ol ýerde ortaça ýaş 57 ýyla golaý.
Afrika bolsa iň ýaş sebit hasaplanýar: bu ýerde 21 ýurtda, jemi 790 million töweregi ilat arasynda, ortaça ýaş 20 ýyldan pes.
Dünýäniň iň ýaş ýurdy — Niger, ol ýerde ortaça ýaş bary-ýogy 15 ýyl.
Bu ýagdaýyň sebäbi, şol ýurtlarda garrylyk  ýaşyna ýetýän adamlaryň sanynyň azlygy bilen düşündirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.