The Game Awards 2025 baýragyna dalaşgärler yglan edildi

19.11.2025, 10:271,424

The Game Awards baýragynyň prodýuseri we alypbaryjysy Jeff Kili 2025-nji ýylyň baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Resmi saýtda eýýäm halaýan oýnuň üçin ses berip bolýar.

Clair Obscur: Expedition 33 12 kategoriýada dalaşgär bolup, baýragyň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen oýun boldy. Oýun Death Stranding 2: On the Beach, Donkey Kong Bananza, Hades II, Hollow Knight: Silksong we Kingdom Come: Deliverance II bilen bir hatarda “Ýylyň oýny” ady üçin bäsleşer.
Death Stranding 2: On the Beach we Ghost of Yotei oýunlarynyň her biri 8 kategoriýada dalaşgär görkezildi.
Hades II 6, Hollow Knight: Silksong 5, Split Fiction 4 baýraga dalaş edýär.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda geçiriler. Esasy kategoriýalarda dalaşgärleriň sanawy:

Ýylyň oýny:

  • ·Clair Obscur: Expedition 33
  • ·Death Stranding 2: On the Beach
  • ·Donkey Kong Bananza
  • ·Hades II
  • ·Hollow Knight: Silksong
  • ·Kingdom Come: Deliverance II

Iň köp garaşylýan oýun:

  • ·007 First Light
  • ·Grand Theft Auto VI
  • ·Marvel’s Wolverine
  • ·Resident Evil Requiem
  • ·The Witcher IV

Iň gowy sýužet:

  • ·Clair Obscur: Expedition 33
  • ·Death Stranding 2: On the Beach
  • ·Ghost of Yotei
  • ·Kingdom Come: Deliverance II
  • ·Silent Hill f

Iň gowy indi-oýun:

  • ·Absolum
  • ·Ball x Pit
  • ·Blue Prince
  • ·Clair Obscur: Expedition 33
  • ·Hades II
  • ·Hollow Knight: Silksong
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.