MakKallisterleriň öýüni indi iýip bolýar: «Ýeke özi öýde» filmindäki jaýyň köke nusgasy peýda boldy

24.12.2025, 14:2523

Meşhur «Ýeke özi öýde» komediýasyndan MakKallister maşgalasynyň jaýynyň köke nusgasy dünýäde şeýle görnüşli iň uly obýekt hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada What’s On Disney Plus habar berýär.

Bu jaý Disney+ we Hulu striming platformalary tarapyndan guruldy. Aksiýa «Ýeke özi öýde» franşizasyny sanly platformalarda mahabatlandyrmaga we ilkinji filmiň çykmagynyň 35 ýyllygyny bellemäge gönükdirildi.
Jaýyň ululygy uzynlygyna, takmynan, 10,4 metr, inligine 17,7 metr we beýikligine 6,7 metrden gowrak bolup, umumy göwrümi 1267 kub metre ýetýär. Ony gurmak üçin sekiz gün sarp edildi.
Modeli döretmek üçin arhitektorlar 4200 köke bloklaryny ulandy. Munuň üçin 3,3 tonna bugdaý uny, 6600-den gowrak ýumurtga we 4,5 kilogram mastika gerek boldy.
Ähli bölekleri biri-biri bilen birleşdirmek üçin 20 gallon iýilýän «ýelim» ulanyldy.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi emini bu üstünligi göni gurluşyk ýerinde tassyklady.
Täze netije 2013-nji ýylyň noýabrynda Braýan şäherindäki (Tehas ştaty, ABŞ) Traditions Club-yň çäginde gurlan köke jaýyň rekordyny täzeledi. Onuň göwrümi 1110 kub metre ýetipdi.