Microsoft Word resminamalaryna giperbaglanyşyklary goşmagy aňsatlaşdyrdy

12.01.2026, 23:1325

Microsoft Word tekst resminamalarynda giperbaglanyşyklary (ssylkalary) goşmak prosesini ep-esli ýeňilleşdirdi we çaltlaşdyrdy.

Indi ulanyjynyň ýörite menýu açmagyna ýa-da Ctrl + K klawişler utgaşmasyny ulanmagyna zerurlyk ýok. Baglanyşyga öwrülmeli saýlanan tekstiň üstüne göni URL-i (salgyny) goýmak (paste) ýeterlikdir.
Bu täze aýratynlyk internet salgylary bilen işlenilende zerur bolan ädimleriň sanyny azaldýar. Funksiýa Word-iň ähli wersiýalarynda — brauzerlerde, şeýle hem Windows we macOS ulgamlaryndaky programmalarda işleýär.