"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

27.04.2026, 11:372,545

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar.

Olaryň sözlerine görä, goşmaça bölümler filmiň ýordumyny 2026-njy ýylyň ahyrynda çykarylmagy meýilleşdirilýän "Ar alyjylar: Doktor Dum" filmi bilen baglanyşdyrmalydyr. Jo Russo täzelenen wersiýanyň Marvel kinematografiýa äleminiň umumy taryhyna düşünmek üçin möhümdigini belledi.

Ýöne režissýorlar täze sahnalaryň näçe wagt aljakdygyny ýa-da olarda haýsy gahrymanlaryň peýda boljakdygyny anyk aýtmadylar.

Filmiň gaýtadan görkezilişi sentýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.
 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.