Kristofer Nolanyň režissýorlyk eden «Odisseýa» filmi Universal Pictures studiýasynyň taryhynda iň köp girdeji getiren film boldy. Mett Deýmonyň baş keşbi ýerine ýetirýän filmi iki aýa golaý wagtyň içinde dünýä boýunça 1,68 milliard dollar girdeji gazandy diýip, Variety habar berýär.
Filmiň ABŞ we Kanadadaky girdejisi 601,2 million dollara, beýleki ýurtlardaky girdejisi bolsa 1,083 milliard dollara ýetdi.
Şeýlelikde, «Odisseýa» Universal-yň öňki rekordçysy bolan «Ýura döwrüniň dünýäsi» filminden öňe geçdi. Ol film 1,67 milliard dollar girdeji gazanypdy. «Odisseýa» indi sekizinji hepdedir kinoteatrlarda dowamly görkezilýär.
Şeýle-de bu film Nolanyň karýerasyndaky iň köp girdeji getiren taslamadyr. Ol «Gara rysar: rowaýatyň direlişi» filminiň gazanan girdejisinden hem geçdi. Mundan başga-da, «Odisseýa» R derejeli filmleriň arasynda hem rekord goýdy we IMAX-yň taryhynda iň köp girdeji getiren filme öwrüldi.
Film, takmynan, üç müň ýyllyk taryhy bolan gadymy grek şahyry Gomer tarapyndan ýazylan poema esaslanýar. «Odisseýa» 2009-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň daşyndaky bazarlarda 1 milliard dollardan köp girdeji gazanan ilkinji kinonyň dowamy (sikwel) bolmadyk filmdir.
Bu Nolanyň «Oppengeýmerden» soňky ikinji uly kassa üstünligidir. «Oppengeýmer» iň gowy film ugrundan «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy we dünýä kinoprokatynda 957 million dollardan gowrak (käbir maglumatlara görä, soňraky görkezilişleri hem hasaba alanyňda 975,8 million dollar) girdeji gazanypdy. Filmiň resmi önümçilik býujeti bolsa 100 million dollar bolupdy.
«Odisseýanyň» üstünligi 2026-njy ýylda Universal studiýasynyň hem öňdebaryjy ornuny has-da berkitdi. Häzirki wagtda studiýa Golliwudyň kinokompaniýalarynyň arasynda dünýä kassa girdejisiniň 26 göterimini eýeläp, birinji orunda durýar. Universal-yň şu ýyllyk girdejisi 5 milliard dollara golaýlady.
Universal şu ýyl dünýä boýunça 4 milliard dollarlyk, ABŞ-nyň daşyndaky bazarlarda bolsa 3 milliard dollarlyk girdeji çäginden geçip bilen ilkinji studiýa boldy.