«Harri Potter» serialynda Artur Wizliniň we Aglak Mirtliň rollary üçin aktýorlar saýlandy

Şu gün, 10:00619
1 / 4

HBO «Harri Potter» serialynyň ikinji möwsüminde Artur Wizlini, Aglak Mirtli we Kolin Kriwini oýnajak aktýorlary tassyklady. Bu barada «Variety» neşiri ýazýar.

Wizlileriň kakasynyň roluny Reýf Spoll («Gara aýna»), Harri Potteriň ýaş janköýeri Kolin Kriwiniň roluny Jasper Ambrouz («Brijit Jons: Ýigit ugrunda diwana»), gyzlar hajathanasyndaky arwah bolan Aglak Mirtliň (Moaning Myrtle) roluny bolsa Molli Hýuitt-Riçards («Dymyşlyk kodeksi») ýerine ýetirer.

Ikinji möwsüm «Harri Potter we Gizlin otag» kitabynyň sýužetine esaslanar. Kinofranşizada Artur Wizliniň roluny Mark Wilýams, Aglak Mirtliň roluny Şirli Henderson, Kolin Kriwiniň roluny bolsa Hýu Mitçell ýerine ýetiripdi.

Mundan öň studiýa ikinji möwsümdäki ýene üç sany möhüm rol üçin aktýorlary saýlady. Tom Reddliň keşbini Billi Barratt («Yzyna gaýtaryp ber»), Dobbiniň roluny 17 ýaşly Lenni Raş («Akylym ýerindemi?»), Jinni Wizliniň keşbini bolsa birinji möwsümden soň Bonni Hill («Batalýon 6888») ýerine ýetirer.

Serialda baş keşplerde Dominik Maklaflin (Harri Potter), Alaster Staut (Ron Wizli) we Arabella Stenton (Germiona Greýnjer) oýnaýar.

Birinji möwsümiň premýerasy şu ýylyň 25-nji dekabrynda bolar.