Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş Kanadada geçirilen ýaryşda batterflýaý usulda 200 metr aralyga ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Halkara sportuň suw görnüşleri federasiýasy (World Aquatics) X sosial ulgamynda habar berdi.
Makintoş bu aralygy 2 minut 1,65 sekuntda geçmegi başardy.
Ol hytaýly Lýu Szyge tarapyndan 2009-njy ýylda goýlan dünýä rekordyny (2.01,81) täzeledi. Bu görkeziji zenanlaryň arasynda suwda ýüzmek boýunça dünýä sportunda iň köne rekord hasaplanýardy.
19 ýaşly Makintoş üç gezek Olimpiýa çempiony we Olimpiadanyň kümüş baýragynyň eýesidir, şeýle hem ol dünýä çempionatlarynda sekiz gezek ýeňiji boldy. Oňa ýene-de üç sany dünýä rekordy degişli — olar 200 we 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzüş, şeýle hem 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça goýlan rekordlardyr.