Hindistanyň Maglumat we teleradioýaýlym ministrligi Telegram-yň ýolbaşçylygyndan 15 günüň dowamynda filmleriň, aýdym-sazlaryň we onlaýn-şüweleňleriň ogurlanan nusgalarynyň ýaýradylmagyny bes etmek üçin anyk çäreleri görmegi talap etdi.
The New Indian Express neşiriniň PTI agentligine salgylanyp berýän habaryna görä, ministrlik mundan beýläk awtorlyk hukuklarynyň bozulmagyna garşy netijesiz göreşýändikleri üçin sanly platformalaryň eýeleriniň özlerini jogapkärçilige çekmekçi bolýar. Ozal munuň ýaly her bir ýagdaý aýratynlykda derňelýärdi.
Bu Hindistanyň mesenjere bildirilýän ilkinji nägileligi däl: iýun aýynda ýerli lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň synag soraglarynyň syzyp çykmagy we islenilmeýän maglumatlaryň ýaýramagy sebäpli hindistanly sazlaýjylar Telegram-y wagtlaýynça bökdäpdiler.
Ministrlik Hindistanyň 1952-nji we 1957-nji ýyllarda kabul edilen kanunlarynyň awtorlyk hukuklaryny bozulmagy üçin hem administratiw, hem jenaýat jogapkärçiligini göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Resmiler käbir aýratyn kanallary nokatlaýyn bökdemegiň hiç hili netije bermeýändigi baradaky netijä geldiler.
Mundan başga-da, sazlaýjylarda Telegram-yň awtorlyk hukugynyň eýelerinden gelýän şikaýatlary nähili işleýändigi boýunça hem soraglar ýüze çykdy.
Edaranyň beýanatynda bu ädimleriň Hindistanyň döredijilik pudagynyň bähbitlerini goramaga gönükdirilendigi bellenilýär.