xAI Maskyň kosmos kompaniýasy bilen birleşenden soň resmi taýdan SpaceXAI boldy

09.07.2026, 15:081,388

Grok çat-botuny işläp düzen xAI kompaniýasy SpaceX kosmos kompaniýasy bilen birleşenden soň, resmi taýdan adyny SpaceXAI diýip üýtgetdi. Täze brend emeli aň we kosmos infrastrukturasy ugurlaryny bir kompaniýanyň çäginde birleşdirýär.

xAI we SpaceX kompaniýalarynyň birleşjekdigi barada fewral aýynda mälim bolupdy, maý aýynda bolsa Ilon Mask xAI-yň mundan beýläk SpaceX-iň düzüminde aýratyn kompaniýa hökmünde hereket etmejekdigini habar berdi. Indi bolsa xAI özüniň adyny we logosyny Maskyň X sosial ulgamynda täzeledi.

Fewralda, ýagny SpaceX tarapyndan xAI satyn alnan pursatynda Mask emeli aň üçin zerur bolan elektrik energiýasyny diňe ýerüsti maglumat merkezleri arkaly doly üpjün etmegiň mümkin däldigini aýdypdy. Onuň sözlerine görä, hasaplaýyş güýçlerini kosmosa geçirmek Gün energiýasynyň elýeterliligi netijesinde bu meseläniň çözgüdi bolup biler.

SpaceXAI emeli aň ulgamlarynyň işlemegi üçin orbital maglumat merkezlerini döretmegi meýilleşdirýär. Kompaniýalar birleşmezden öň SpaceX ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna (FCC) maglumatlary işlemek boýunça kosmos infrastrukturasyny döretmek maksady bilen 1 million emeli hemra uçurmak üçin arza tabşyrypdy.

Şeýle-de, SpaceX programmirleme üçin emeli aň guralyny işläp düzüji Cursor kompaniýasyny satyn almak işine başlady.

Iýun aýynda SpaceX, xAI we X birža çykandan soň, kompaniýanyň paýnamalary 161 dollar derejesinde ýapyldy we birleşen gurluşyň bazar bahasy 2,1 trillion dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, täze SpaceXAI ady entek ähli resmi korporatiw resminamalarda şöhlelenmedi, ýöne xAI saýty eýýäm täze brendi we logony ulanmaga başlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.