7-Eleven dükan ulgamy Air Max-yň dizaýny sebäpli Nike kompaniýasyny kazyýete berdi

09.07.2026, 11:123,722
1 / 2

ABŞ-nda örän meşhur bolan 7-Eleven dükanlar ulgamy Nike kompaniýasynyň üstünden Tehas ştatynyň federal kazyýetine şikaýat etdi. Bu söwda ulgamy sport egin-eşiklerini öndürýän Nike-yň şu ýylyň 11-nji iýulynda satuwa çykarjak täze aýakgaplarynda özleriniň ýörgünli narynç, ýaşyl we gyzyl zolakly dizaýnyny rugsatsyz göçürendigini aýdýar

Olaryň pikiriçe, bu meňzeşlik alyjylaryň kellesini garjaşdyryp, olarda bu aýakgap 7-Eleven brendine degişli önümdir diýen pikiri döredip biler. Mundan başga-da Nike bu krossowkalaryň satuwa çykaryljak gününi bilkastlaýyn 11-nji iýula bellemekde-de aýyplanylýar. Sebäbi şol gün 7-Eleven-iň öz doglan güni diýlip hasap edilýär we kompaniýa däp boýunça hemmelere mugt «Slurpee» içgilerini paýlap, uly baýramçylyk aksiýasyny geçirýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Nike bu uly baýramçylygyň meşhurlygyndan we adam sanynyň köplüginden peýdalanyp, öz aýakgaplaryny has şüweleňli satmagy meýilleşdiren ýaly görünýär.

Şeýle-de 7-Eleven dükanlar ulgamy Nike kompaniýasynyň olaryň kanuny hukuklaryna gödek baha berendigini we äsgermezçilik edendigini-de aýratyn belleýär. Habarçylar bu barada sorag berende, Nike tarapyndan hiç hili jogap berilmedi.

Aslynda, 7-Eleven düşünişmezlik döremezden ozal, mesele kazyýete ýetmesin diýip, Nike bilen asuda ýol bilen ylalaşjak hem bolýar. Emma Nike öz mahabatyny saklamajakdygyny we aýakgaplary bellenilen wagtda satuwa çykarjakdygyny düşnükli duýdurýar. Şondan soň 7-Eleven-iň wekilleri golaýlap gelýän 11-nji iýul baýramçylygyna çenli wagtlarynyň azdygyny göz öňünde tutup, öz brendleriniň rugsatsyz ulanylmagyna garşy gyssagly kazyýete şikaýat etmäge mejbur bolýar.

Tehasyň Irwing şäherindäki bu söwda ulgamy eýýäm ençeme ýyllardan bäri öz dükanlarynda, mahabatlarynda we harytlarynda narynç, ýaşyl we gyzyl reňkleri ulanyp gelýär we bu dizaýn kanun tarapyndan diňe olara degişlidir. Şonuň üçin hem 7-Eleven Nike özüniň däl-de, başganyň taýýar meşhurlygyndan peýdalanyp, pul gazanmak üçin bu ädime bilkastlaýyn baş goşdy diýen aýby ýöňkeýär. Muňa subutnama hökmünde, sport makalalaryndaky bu aýakgaplaryň aç-açan «7-Eleven brendinden nusga alnyp ýasalandygy» hakda aýdylan maglumatlar hem kazyýetiň işine goşuldy.

Şunlukda 7-Eleven kazyýetiň üsti bilen täze krossowkalaryň satylmagyny doly gadagan etmegi, dükandaky aýakgaplary yzyna ýygnamagy, özlerine ýeten pul zyýanynyň töledilmegini we Nike-yň bu işden gazanan ähli girdejisiniň alynmagyny talap edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.