The Athletic: UEFA-nyň ýaryşlarynda futbolçylary agzyny ýapandygy üçin meýdançadan çykarmazlar

Şu gün, 17:422,279

UEFA jedelli ýagdaýlarda garşydaşlary bilen gürleşende futbolçylaryň agzyny ýapmagy üçin meýdançadan çetleşdirmegi (gyzyl duýduryş görkezmegi) göz öňünde tutýan düzgüni ulanmaz. Bu barada «The Athletic» neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, gurama milli assosiasiýalara FIFA-nyň tejribesine eýermejekdigini mälim etdi. Munuň deregine, resmi adamlara şeýle ýagdaýlara has ünsli baha bermek maslahat berildi.

UEFA futbolçynyň garşydaşy bilen gürrüňdeşligini bilkastlaýyn gizleýän bolsa, munuň ýaly hereketi sport medeniýetine gabat gelmeýän hereket diýip hasaplamalydygyny we meýdançadan çetleşdirmän, eýsem sary duýduryş bilen jezalandyrmalydygyny belleýär.

2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty wagtynda FIFA-nyň düzgünleri boýunça, şeýle düzgün bozulmagy üçin Paragwaýyň futbolçysy Migel Almiron we Ekwadoryň wekili Pýero Inkapýe gyzyl duýduryş alyp, meýdançadan çetleşdirilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.