Futbol boýunça dünýä çempionatynda ýarym finalyň ilkinji gatnaşyjysy mälim boldy. Marokkonyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňen Fransiýanyň milli ýygyndysy ilkinji bolup bu hukugy gazandy. Duşuşyk ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett» stadionynda geçirilip, 64 müňe golaý tomaşaçyny ýygnady.
Oýun fransuz futbolçylarynyň hüjümleri bilen açyldy. 25-nji minutda Aşraf Hakiminiň topy aldyrmagy zerarly ahmyrly fransuzlar kitüwli hüjüm gurnadylar. Kilian Mbappe jerime meýdançasynyň içinde topy kabul etdi, emma urgy urjak pursadynda Mazraui ony itekledi. Emin munuň üçin hiç hili ikirjiňlenmezden penalti belledi.

11 metrlik penaltiniň ýerine ýetirilmegi biraz uzaga çekdi, şondan soň 28-nji minutda Ýassin Bunu Mbappeniň nokatdan uran zarbasyny yza gaýtarmagy başardy.

Bu wakadan soň, afrikaly ýygyndynyň derwezesine jerime urgularam, beýleki urgularam yzygiderli ýagdy durdy. Ýöne muňa garamazdan, birinji ýarym golsuz tamamlandy.
Duşuşygyň ikinji ýarymy hem fransuz ýygyndysynyň artykmaçlygy bilen başlandy. Tutuş oýnuň dowamynda fransuzlar derwezä tarap jemi 22 zarba urdular (8-si derwezäniň göni özüne), marokkolylar bolsa muňa diňe 5 zarba (1-i derwezä takyk nyşanalanan) bilen jogap berip bildiler.
Hasap 60-njy minutda açyldy. Nobatdaky hüjümiň dowamynda Dezire Due marokkolylaryň jerime meýdançasynda goragçylaryň başyny aýlady we topy Mbappe geçirdi. Hüjümçi jerime meýdançasynyň çyzygyndan owadan aýlawly zarba urup, derwezäniň uzak burçuny dürs nyşana aldy — 1:0.

66-nji minutda Fransiýa tapawudy iki esse artdyrdy. Usmana Dembele merkezdäki açyk meýdandan peýdalanyp, topy jerime meýdançasynyň ýarym tegelegine çenli alyp gitdi we şol ýerden pesden urup, topy göni sütüne gysyp derwezä girizdi — 2:0. Bu pursatdaky golly pasy Mbappe öz adyna ýazdyrdy.

Fransuzlaryň «onlugy» tutuşlygyna alanyňda örän şowly oýun görkezdi: oýundaky sary kart hem 66-njy minutda Mbappä garşy düzgün bozma üçin Issa Diopa görkezildi. Bu üstünligiň netijesinde Mbappe yzygiderli iki sany dünýä çempionatynda azyndan 8 gol urmagy başaran ilkinji futbolçy boldy.
77-nji minutda hüjümçi topugyny agyrdyp, meýdançany terk etdi. Ýöne ol biraz wagt soňra şikesde düýpli bir zadyň ýokdugyny we ýarym finalda oýnamaga taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Fransiýa ýarym finala çykdy we ol ýerde Ispaniýa – Belgiýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.
Oýundan soň DÇ-2026-nyň iň köp gol uran 5 futbolçysy:
Lionel Messi (Argentina) — 8 gol;
Kilian Mbappe (Fransiýa) — 8 gol;
Erling Holand (Norwegiýa) — 7 gol;
Harri Keýn (Angliýa) — 6 gol;
Usmana Dembele (Fransiýa) — 5 gol.
Çärýek finalyň (1/4) nobatdaky duşuşygy:
Ispaniýa – Belgiýa (Inglwud) — 11-nji iýul, sagat 00:00-da (Aşgabat wagty bilen).