Argentinalylary dälireden gije (79-njy minuda çenli Müsürden 0:2 utulýardylar), Kolumbiýa bolsa ýeňilmän ýaryşdan çykdy

Şu gün, 07:533,220
1 / 11

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/4 finalynyň ähli gatnaşyjylary mälim boldy. 1/8 final tapgyrynyň iň soňky gijesi hakyky drama öwrüldi: oýunlaryň birinde Lionel Messiniň topardaşlary mümkin däl ýagdaýda ýeňiş gazanan bolsalar, beýleki oýunda esasy wagtda hiç hili ýeňilmedik ýygyndy öýüne gaýmaga mejbur boldy.

Argentina – Müsür 3:2: Messi we toparynyň superkambegi

Argentinanyň ýygyndysy uly kynçylyk bilen Müsüri 3:2 hasabynda utmagi başardy we çärýek finala gatnaşmak hukugyny gazandy. Duşuşyk Atlantadaky (ABŞ) «Mersedes-Bens» stadionynda geçirildi.

Hasap eýýäm 15-nji minutda açyldy: müsürliler burçdan zarbany oýnadylar we Ýasser Ibrahim, Lisandro Martines bilen bolan howadaky göreşde üstün çykyp, kellesi bilen topy tora girizdi –0:1.

Goýberilen gol argentinalylary oýnuň depginini güýçlendirmäge we hüjüme okdurylmaga mejbur etdi. Eýýäm 19-nji minutda olar penalti gazandylar – Müsüriň hüjümçisi Hossam Hassan öz jerime meýdançasynda çaltlyk bilen öňe barýan Talýafikonyň garşysyna gödek oýnady. Emma Lionel Messi on bir metrlik urgyny-da utuşly jemläp bilmedi: derwezeban Mostafa Şobeýr zarbanyň ýoluny dogry kesdi we öz toparyny halas etdi.

Soňra, 31-nji minutda, Messiniň jerime urgusy bilen ýollan topy derwezäniň sütünine baryp degdi.

Penaltiden soň, derwezeban Şobeýr şeýlebir joşdy we Aleksis Makallisteriň hem-de Hulian Alwaresiň örän howply zarbalaryny yza gaýtaryp, Müsüri birnäçe gezek halas etdi.

Ikinji ýarymda, 58-nji minutda müsürliler owadan hüjüm gurnadylar we ony Ziko gol bilen tamamlady. Emma baş emin VAR-y gözden geçirenden soň, hüjümiň başlangyç tapgyryndaky düzgün bozulma sebäpli goly hasaba almady. Şeýle-de bolsa, 67-nji minutda afrikaly ýygyndy düzgün boýunça ikinji goluny urmagy başardy. Argentinalylar öz burçlaryndan urgy ýerine ýetirýän wagty ýalňyşlyk goýberdiler, Salah topy alyp, merkezden garşydaşlaryndan sypyp, öňe ylgady we saga tarap pas berdi. Ol ýerden bolsa Hassan topy jerime meýdançasynyň merkezine uzatdy, Ziko bolsa bir depgide topy owadan görnüşde derwezä girizdi – 0:2.

Argentinalylar üçin hemme zat tamamlanan ýaly göründi. Emma oýnuň akymyny üýtgeden pursat 79-njy minutda geldi. Aýgytly hüjüm wagtynda Messi sag ganatdan derweze meýdançasynyň çetine tarap topy ýokardan içerik geçirdi, ol ýerde bolsa Romero kellesi bilen zarba urdy. Şobeýr bu gezegem elini degirmegi başarsa-da, top barybir derwezäniň toruna girdi.

83-nji minutda Messi golly hüjümi özbaşyna başlap, özi hem tamamlady: ol derwezäniň uzakdaky sütüniniň ýanyna topy ýokardan ugratdy, ol ýerde bolsa Lautaro Martines owadan böküş edip, topy pessejikden merkeze tarap geçirdi. Top şol ýerde bulaşyp galdy, emma Lionel ony derwezäniň ýokarky agajynyň aşagyna güýçli urup, hasaby deňlemegi başardy –2:2.

Ýeňiş goly bolsa 90+2-nji minutda girizildi. Müsürliler hüjüme aşa gyzygyp, goranmagy unutdylar we Argentinanyň çalt gurnan garşylykly hüjümine döz gelip bilmediler. Lautaro Martines sag ganatdan Enso Fernandesiň adyna ajaýyp pas ugratdy, ol hem kellesi bilen topy Şobeýriň garşy ugruna tarap ugradyp, Argentinany öňe saýlady.

Argentina ýeňiş gazandy, Messi bolsa duşuşygy gözlerinde şatlyk gözýaşlary bilen tamamlady we bu drama äheňli oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy

Ol 8 gol bilen şu gezekki dünýä çempionatynyň iň köp gol uran ýeke-täk oýunçysydyr, şeýle hem umumy 21 gol bilen dünýä birinjilikleriniň taryhynda iň köp gol uran rekordçy futbolçydyr. Mundan başga-da, ol 9 golluk pas bilen bu ýaryşyň taryhyndaky iň gowy assistentdir.

Şweýsariýa – Kolumbiýa 0:0 (penaltiler boýunça 4:3): 1/8 finalyň iň uzaga çeken duşuşygy

Şweýsariýa bilen Kolumbiýanyň arasyndaky duşuşyk esasy we goşmaça wagtda golsuz tamamlandy, penaltiler tapgyrynda bolsa şowlulyk ýewropalylaryň tarapyna boldy. Kanadanyň Wankuwer şäherindäki «Bi-Si Pleýs» stadionynda geçirilen oýun 52 müňden gowrak tomaşaçyny ýygnady.

Oýun deň we tutluşykly häsiýetde geçdi. Şweýsariýalylar düzümdäki ýitgilere garamazdan, topa eýelik etmekde artykmaçlyk gazandylar we ýygy-ýygydan hüjüm etdiler, emma olara hüjümleri tamamlaýjy tapgyrda takyklyk ýetmedi. Olaryň uran 7 zarbasyndan diňe 2-si derwezäniň nyşanasyna düşdi. Kolumbiýalylar has köp –15 gezek zarba urdular, ýöne olaryň hem bary-ýogy ikisi dürs boldy. Umumylykda, toparlar tutuş oýnuň dowamynda derweze nyşanasyna diňe 4 gezek takyk zarba urup bildiler (ýagny Argentina bilen Müsüriň arasyndaky oýunda geçirilen gollaryň sanyndan hem az).

Penaltiler tapgyryny Kolumbiýa başlady. Ilkinji şowsuzlygy «Galatasaraýyň» merkezi goragçysy Dawinson Sançes galdyrdy – ol göni merkezden güýçli zarba urdy, ýöne top derwezäniň ýokarky agajyna degip, yza böküp gitdi. Onuň yzy bilen Italiýanyň «Inter» toparynda oýnaýan şweýsariýaly Manuel Akanji «ýyldyz deňindäki» ýalňyşlygy goýberdi – onuň uran topy derwezebana hiç hili kynçylyk döretmän, derwezäniň dik depesinden geçip gitdi.

Şondan soňra derrew nokada «Real Betisiň» oýunçysy Kuço Hernandes golaýlady. Ol özünden sag tarapdaky burça nyşana aldy, ýöne Şweýsariýanyň derwezebany Gregor Kobel hüjümçiniň niýetini aňsatlyk bilen «okamagy» başardy we zarbany yza gaýtardy. Ondan soňky zarbalarda bolsa hiç kim ýalňyşmady. Şweýsariýa penaltiler tapgyryny 4:3 hasabynda öz peýdasyna tamamlap, çärýek finala çykdy we ol ýerde 12-nji iýulda Argentina bilen duşuşar.

Duşuşygyň netijelerine görä, Kobel oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Çärjek final (1/4 final) tapgyry 10-njy iýulda, Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da, Amerikanynyň Foksboro şäherinde Fransiýa we Marokkonyň arasyndaky garşylykly oýun bilen başlanar. Indi ýaryşyň galan duşuşyklarynyň ählisi ABŞ-nyň çäklerinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.