200 müň dollar aýlykly Ford-uň işgäri 1,95 dollarlyk köke ogurlamakda aýyplanyp, işden çykaryldy

Şu gün, 08:303,849
1 / 2

Ford kompaniýasy Amerikanyň Kentukki ştatyndaky zawodyň işgärini işden çykarmak baradaky çözgüdiniň ýalňyş bolandygyny boýun aldy: ony bahasyny tölän hem bolsa, 1,95 dollarlyk kökäni ogurlamakda aýyplapdyrlar diýip, Carscoops neşiri ýazýar.

Şol kärhanada 11 ýyl bäri işläp gelýän 60 ýaşly Kurt Kromm ýylda takmynan 200 müň dollar gazanýardy. Ol zawodyň naharhanasyndan şokoladly köke satyn alypdyr. Töleg terminallarynyň biriniň näsazlygy sebäpli, ol şol bada önümiň bahasyny gapdaldaky başga bir terminal arkaly töläpdir.

Bir hepdeden soň işgäri ýolbaşçylaryň ýanyna çagyrypdyrlar we wideogözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny görkezip, ony ogurlykda aýyplapdyrlar hem-de kompaniýanyň «göz ýummak syýasatyna» laýyklykda şol bada işden çykarypdyrlar.

– Men geçen ýyl diňe şu naharhananyň özünde 1200 dollar sowundym. Onsoň men näme üçin 1,95 dollarlyk kökäni ogurlamalymyşym? – diýip, Kromm bolan ýagdaýa geň galýar.

Gysga wagtdan soň ol bank hasabyndan 1,95 dollaryň tölenendigini tassyklaýan resmi kagyzlary görkezdi. Şondan soň Ford kompaniýasy işgäriniň ýalňyşlyk bilen işden çykarylandygyny boýun aldy.

Soň görlüp oturylsa, zawodyň naharhanasyndaky terminallar ýygy-ýygydan näsazlyk tapynypdyr we Kromm hem gelşiksiz ýagdaý zerarly ogurlykda günäkärlenip, nähak ýere işden kowlan birinji adam däl eken. Öňem başga bir işgär 2 dollarlyk gazly suwy «ogurlandygy» sebäpli işini ýitiripdir. Şeýle-de bolsa bu aýyplama bilen ylalaşman, özüniň günäsizdigini subut eden ýekeje kişi – Kurt Kromm boldy.

Kompaniýa ony apa-sapalykda yzyna – öňki wezipesine getirmäge taýýardy, emma kemsidilen işgär eýýäm aýlygy ondan hem has ýokary bolan täze iş tapmagy başardy. Ol indi öňki Ford-daky sagatda 48 dollar gazanjyna derek, sagadyna 52,51 dollar we goşmaça 10 dollar sylag alýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.