DÇ-2026: 1/4 finalyň ähli gatnaşyjylary kesgitlendi: Häzirden heýjana salýan gyzykly pursatlar

Şu gün, 15:473,159
1 / 6

Hasap boýunça 23-nji dünýä çempionatynda eýýäm 40 ýygyndy ýaryşdaky çykyşyny tamamlady. Mundan beýläkki bäsleşigi diňe 8 topar dowam etdirýär, olaryň 6-sy Ýewropa (Fransiýa, Ispaniýa, Belgiýa, Norwegiýa, Angliýa we Şweýsariýa), biri Günorta Amerika (Argentina) we biri hem Afrika (Marokko) wekilçilik edýär.

Fransiýa – Marokko: Ýeňşe aňsatlyk hem-de azap bilen barýanlaryň duşuşygy

Fransiýa – Marokko: Ýarym finala çenli garşydaşlaryny bökdençsiz we aňsatlyk bilen utup gelen Fransiýanyň ýygyndysy bu tapgyra çenli kynçylyklara we agyr synaglara döz gelip bilýändigini subut eden Marokko bilen duşuşar. Özi-de bu oýun Fransiýanyň 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan DÇ-2022-däki ýarym final duşuşygynyň gaýtalanmasy bolar. Ýöne hasap hem edil şol görnüşde gaýtalanarmy ýa-da däl, ony biz ilkinjileriň hatarynda bileris

Ispaniýa – Belgiýa: Dünýä reýtinginde ilkinji onluga (TOP-10) girýän ägirtleriň derbisi.

FIFA-nyň sanawynda ilkinji onlukda barýan ýygyndylaryň (Ispaniýa 3-nji orun, Belgiýa 9-njy orun) özara duşuşygy hünärmenler tarapyndan şu tapgyryň merkezi oýny hasaplanylýar. Ýamal, Pedri, Gawi we Kubarsi ýaly ýaş zehinlerden ybarat bolan ispanlaryň täze nesli, özüniň «altyn nesli» bilen hoşlaşmagyň öňüsyrasynda duran Belgiýa garşy meýdança çykar.

Ispaniýa şu wagta çenli ýaryşda öz derwezesinden ýekeje top hem geçirtmedi. Olar bu şowly tapgyry dowam etdirip bilerlermi ýa-da Eýrandan (0:0) başga ähli garşydaşlaryna gol urmagy başaran Belgiýadan top iýmeli bolarlarmy, muny bilmek örän gyzykly bolardy.

Norwegiýa – Angliýa: Keýn we Holandyň duşuşygy

Futbolçylaryň düzümine seretsek, iňlisler çempionlyk wezipe-borjuna doly mynasyp bolan düzüme eýedirler. Şol bir wagtyň özünde, Norwegiýanyň esasy daýanjy bolan Erling Holand hem iňlis goragçylaryna örän tanyş bolan oýunçydyr.

Şeýle seredeniňde, bu oýunda Angliýanyň ýygyndysy üçin uly bir howp ýok hem ýaly, ýöne Holandyň ýekeje amatly pursatda duşuşygyň ykbalyny çözüp biljek futbolçydygyny-da unutmazlyk gerek. Umuman aýdanymyzda, norwegler ýaryşyň başyndan bäri agzybir toparlaýyn oýun görkezýärler we her oýunda gol urmagy başarýarlar. Futboluň düýbüni tutan usul bilen oýnamagy gowy görýän iňlisler, demirgazyklylaryň bu «ajdarha kelleli gämisini» saklap bilermikä?

Argentina – Şweýsariýa: Günorta Amerika we Ýewropa mekdepleriniň bäsleşigi

 

Çärýek finala çenli goh-galmagal bilen gelen Argentinanyň ýygyndysyny aýratyn tanyşdyryp oturmagyň geregi ýok. Şweýsariýalylar hakda aýtsak, olar penaltiler tapgyrynda Kolumbiýany ýeňip, bu tapgyra çykdy we olardan her zada garaşyp bolar.

Häzirki wagtda galan sekiz toparyň arasynda olar «ýarylmadyk garpyz» hasaplanýar. Olaryň ygtybarly goranyşy bar we garşydaşyň gowşak taraplaryndan peýdalanmagy başarýarlar. Şweýsariýalylaryň Argentina garşy oýna hiç hili ýitgisiz, iň saýlama düzümde çykjakdygyna garaşylýar.

Janköýerlere bolsa diňe günorta amerikalylara mahsus janypkeşlik bilen guralýan hüjüm oýny bilen öz amatyna garaşýan tertip-düzgünli goranyşyň bäsleşigine tomaşa etmek galýar. Göreli-bakaly, Şweýsariiýa hem edil öňki tapgyrlardaky Kabo-Werde we Müsür ýaly Argentinany aňk-taňk edip, olary tapdan düşürip bilermikä?

Dünýä çempionaty — 2026: 1/4 final duşuşyklarynyň tertibi

Fransiýa – Marokko (Foksboro) 10-njy iýul, sagat 01:00;

Ispaniýa – Belgiýa (Inglwud) 11-nji iýul, sagat 00:00;

Norwegiýa – Angliýa (Maýami Gardens) 12-nji iýul, sagat 02:00;

Argentina – Şweýsariýa (Kanzas Siti) 12-nji iýul, sagat 06:00.

DÇ-2026-nyň häzirki wagtda iň ökde 10 bombardiri

Lionel Messi (Argentina) 8 gol;

Kilian Mbappe (Fransiýa) 7 gol;

Erling Holand (Norwegiýa) 7 gol;

Harri Keýn (Angliýa) — 6 gol;

Winisius Žunior (Braziliýa) 4 gol;

Usman Dembele (Fransiýa) 4 gol;

Mikel Oýarsabal (Ispaniýa) 4 gol;

Ismaila Sarr (Senegal) 4 gol;

Jud Bellingem (Angliýa) 4 gol;

Hulian Kinýones (Meksika) 4 gol

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.