DÇ-2026: Ispaniýa Belgiýany geçip, ýarym finalda Fransiýanyň garşydaşy boldy

Şu gün, 12:013,509
1 / 7

Ispaniýanyň ýygyndysy Dünýä çempionatynyň 1/4 final duşuşygynda Belgiýanyň toparyny ýeňdi. Los-Anjelesde geçen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.

"Gyzyl furiýa" 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä birinjiliginiň ýarym finalyna çykdy. Şonda ispanlar jemlemede dünýä çempiony diýen ada eýe bolupdyrlar.

Garşylykly göreşde hasap oýnuň ilkinji ýarym sagadynyň ahyrynda açyldy. Lamin Ýamal sag gyraky zolakda takyk we goragy böwsüp geçýän pas aldy we topy jerime meýdançasynyň içindäki Dani Olmo tarap ugratdy, ol bolsa, derwezä gönükdirdi. Belgiýalylaryň derwezewany Tibo Kurtua bu topy yzyna gaýtarmagy başarsa-da, top göni jerime meýdançasynyň golaýynda Fabian Ruisiň öňüne düşdi. Belgiýaly goragçy Timoty Kastan urgyny bökdemäge synanyşdy, ýöne top oňa degip, tora girdi.

Belgiýalylar arakesmä çenli hasaby deňlemegi başardylar. Olar 41-nji minutda güýçli hüjüm guralar. Jerime meýdançasyna pas bermek boýunça birnäçe şowsuz synanyşykdan soň, Kastan sag tarapdan öňe okduryldy we merkeze takyk pas geçirdi. Şarl De Ketelare ispan goragçysy Pau Kubarsiden öňürdip, topy kellesi bilen derwezä ugratdy.

Ikinji ýarymyň ortalarynda Belgiýanyň ýygyndysy özüniň esasy derwezebanyndan mahrum boldy. Kurtua çep budundan şikes alyp, lukmanlaryň kömegine mätäç boldy. 71-nji minutda ol gözýaşlary bilen futbol meýdançasyny terk etdi, onuň ýerine derwezä 24 ýaşly Senne Lammens geçdi. Bu çalşyk, ähtimal, şowsuzlyga sebäp boldy.

Oýnuň 88-nji minutynda Kubarsi garaşylmadyk ýerden merkezden hüjüme goşuldy we uzak aralykdan güýçli zarba urdy. Kurtuanyň ýerine giren Lammens bu zarbany yzyna gaýtarsa-da, topy göni öz öňüne düşürdi. Ylgap ýetişen Mikel Merino topdan peýdalanmakda birinji boldy we ahyrky hasaby kesgitledi — 2:1.

Bu taryhy üstünlik Ispaniýa dünýä birinjiliklerinde soňky ýyllarda başdan geçiren şowsuzlyklar zynjyryny ýeňip geçmäge mümkinçilik berdi. 2010-njy ýyldaky altyn ýeňşinden soň ispan komandasy ýekeje gezek hem ýarym finala ýetip bilmändi: 2014-nji ýylda ýygyndy toparçadan çykyp bilmedi, 2018 we 2022-nji ýyllarda bolsa degişlilikde Russiýadan we Marokkodan asgyn gelip, 1/8 final tapgyrynda ýaryşdan gaýdypdylar.

Şu çempionatda bu oýna çenli ispanlar öz derwezelerini hiç bir top goýbermän saklapdylar. De Ketelareniň uran goly olaryň dünýä çempionatlarynda 2022-nji ýylda Katarda Marokko bilen bolan oýundan bäri dowam edip gelýän alty oýunlyk "gurak" tapgyryny kesdi. Mundan başga-da, bu geçirilen gol ispan derwezewany Unai Simónyň dünýä çempionatlarynda 649 minudyň dowamynda gol goýbermän saklan rekord tapgyryny duruzdy. Mundan öň Ispaniýanyň derwezesine iň soňky gezek geçen Çempionatyň toparlaýyn tapgyrynda ýapon futbolçysy Ao Tanaka gol geçiripdi.

Belgiýanyň ýygyndysy üçin DÇ-2026-daky uly ýöriş tamamlandy. Belgiýalylar 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çärýek finala çenli ýetip bildiler — şonda olar ýarym finala çenli baryp, jemlemede bürünç medalyň eýesi bolupdylar.

Indi näme garaşýar?

Ýarym final duşuşygynda 15-nji iyula geçilýän gije (başlanýan wagty 00:00-da) bize diňe bir uly we çekeleşikli duşuşyk garaşýar — Ispaniýanyň ýygyndysy Fransiýanyň topary bilen güýç synanyşar.

Ýarym finalçylaryň beýleki jübüti bolsa eýýäm ertir irden kesgitlener:

  • Norwegiýa — Angliýa (12-nji iýul, 02:00)
  • Argentina — Şweýsariýa (12-nji iýul, 06:00)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.