Hasaplaşyk wagty geldi: köp garaşylan Makgregor – Holloweý urşuny nirede, haçan görmeli?

Şu gün, 15:345,947
1 / 3

Las-Wegasda Aşgabat wagty bilen 11-nji iýuldan 12-nji iýula geçilýän gije UFC 329 ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy wakasy bolsa bäş ýyllap söweşmedik irlandiýaly Konor Makgregoryň ýene-de oktagona çykmagy bolar.

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Makgregor amerikaly Maks Holloweý bilen rewanş söweşini geçirer. Tutluşyk ýarym orta agramda (77 kg çenli) bolar. Söweşijiler ilkinji gezek 2013-nji ýylda duşuşypdy we şonda eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Makgregor ýeňiş gazandy.

Söweşijileriň rewanşa çenli ýoly

Konor Makgregor (22-6) üçin soňky ýyllar agyr boldy. Ol özüniň iň soňky söweşini 2021-nji ýylyň iýulynda Dastin Porýe garşy geçirip, şol söweşde aýagyny döwdüripdi. Şondan soň uzak wagtlap dikelmeli boldy. Soňra doping barlaglary bilen bagly meseleler ýüze çykdy. Netijede, söweşiji barlaglardan geçmändigi üçin 18 aýlyk diskwalifikasiýa edildi. Jeza möhleti 2026-njy ýylyň martynda tamamlandy.

Irlandiýaly soňky gezek ýeňşiň tagamyny 2020-nji ýylyň ýanwarynda Donald Serroneni nokaut edende duýupdy.

Köp wagtlap tutluşyklardan daşda bolandygyna garamazdan, 37 ýaşly Makgregor oktagona şol bir söweşjeň häsiýetinde gaýdyp geldi. Ol eýýäm garşydaşyny 10 sekuntyň içinde «ýok etjekdigine» wada berip ýetişdi we hatda şu şenbeden soň Holloweýiň sport karýerasyny tamamlamaly boljakdygyny hem ýaňzytdy.

Üstesine-de, ol ýaryşyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatynda gele-gelmäne özüniň haýbatyny görkezdi: Makgregor bakyş söweşinde Holloweýiň äýnegini zyňyp goýberip, garşydaşyny öjükdirmäge çalyşdy. Holloweý muňa sowukganly seretdi. Birnäçe sekuntdan soň söweşijiler kelle çaknyşdyrdy, ýöne Dana Waýt olary aralady.

Agram çekişlikden soňky ahyrky duşuşyga çenli söweşijiler köşeşdi — soňky bakyş söweşi asuda we dawa-jenjelsiz geçdi.

Maks Holloweý (27-9) barada aýtsak, Konor ýok mahaly 34 ýaşly söweşiji wagtyny boş geçirmedi. Ol iň güýçli garşydaşlar (Getji, Topuriýa, Wolkanowski we ş.m.) bilen 8 sany agyr söweşe çykdy. 2025-nji ýylyň iýulynda Porýe garşy tutluşykda BMF guşagyny gorady, ýöne 2026-njy ýylyň martynda geçen UFC 326 ýaryşynda bu tituly Çarlz Oliweýra aldyrdy.

Kim faworit?

Bilermenler irlandiýaly söweşijiniň uzak wagtlap çykyş etmändigini we ýaşyny nazarda tutup, biragyzdan amerikan söweşijisine artykmaçlyk berýär.

UFC 329 ýaryşynyň esasy kardy:

  • Konor Makgregor vs. Maks Holloweý (esasy söweş, ýarym orta agram)
  • Benua Sen-Deni vs. Peddi Pimblett (ýene bir esasy söweş, ýeňil agram)
  • Kori Sendhagen vs. Mario Bautista (iň ýeňil agram)
  • Brendon Roýwal vs. Lonir Kawana (örän ýeňil agram)
  • King Grin vs. Terrens Makkinni (ýeňil agram)

Tutluşyklary haçan we nirede görmeli?

Ýaryş Aşgabat wagty bilen sagat 02:00-da, esasy kardyň söweşleri bolsa sagat 06:00-da başlar. Makgregor bilen Holloweýiň urşunyň 08:00 töweregi bolmagyna garaşylýar.

UFC 329-yň söweşlerini «Матч ТВ» we «Матч Боец» telekanallarynda, şeýle hem resmi UFC Fight Pass platformasynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.