Futbol boýunça dünýä çempionatynda çärýek final tapgyry tamamlandy. Janköýerler iň soňky ýarym finalçylary kesgitlän iki sany örän agyr we dowamly gapma-garşylyga şaýat boldular: Angliýa Norwegiýa bilen garşylaşdy, Argentina bolsa Şweýsariýa bilen duşuşdy.
Norwegiýa — Angliýa 1:2 (goşmaça wagtda)
Iňlisleriň erjellik bilen gazanan ýeňşi: Bellingemiň dubly Holandy ýaryşdan çykardy

Norwegiýanyň we Angliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýun Maýamide (ABŞ), «Hard Rock» stadionynda, Kleman Týurpeniň ýolbaşçylygyndaky fransuz eminler toparynyň dolandyrmagynda geçdi. Duşuşyk goşmaça wagtda iňlisleriň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Oýun garaşylyşy ýaly, iňlis ýygyndysynyň hüjümleri bilen başlady. Norwegler öz jerime meýdançasynyň golaýynda hatara düzülip, goranyşy sakladylar. Ýuwaş-ýuwaşdan Erling Holandyň topardaşlary oýny meýdançanyň merkezine tarap süýşürdiler we bu ýagdaý 36-njy minutda öz miwesini berdi. Norweg ýarymgoragçysy Patrik Berg merkezi bölekde iňlisleriň kapitany Harri Keýnden topy alyp, tizlikli hüjüm bilen pasy Martin Edegora geçirdi. Ol bolsa topy saklaman, çep ganatda boş duran Andreas Şelderupa ugratdy. Hüjümçi iňlis goragçysy Ezri Konsanyň gapdalyndan sypyp, Jordan Pikforduň asla ýetip bilmejek uzak burçuna takyk zarba urdy – top sütüniň iç ýüzüne degip, derwezä girdi (1:0).

Ondan sähel wagt soň hem norwegleriň ýene-de birnäçe gowy mümkinçiligi boldy, ýöne olar bu pursatlardan peýdalanyp bilmediler.
Gaýtam iňlisler birinji ýaryma goşulan wagtda (45+2-nji minutda) hasaby deňlediler. Entoni Gordon topy ylgap barýan Jud Bellingemiň öňüne tigirledi, ol bolsa uly tizlik bilen norweg goragçylarynyň arasyndan jerime meýdançasyna böwsüp girdi we bäsdeşiniň aýagynyň astyndan uzakdaky burça takyk urdy – 1:1.

55-nji minutda burçdan urlan urgudan we emele gelen bulam-bujarlykdan soň Torbýern Heggem topy iňlisleriň derwezesine girizdi. Şeýle-de bolsa, baş emin VAR bilen maslahatlaşandan soň, topuň ugradylan pursadynda Erling Holandyň goragçy Elliot Andersona garşy düzgüni bozandygyny hasaba alyp, goluň güýjüni ýatyrdy.
Duşuşygyň esasy wagty deňme-deňlik bilen tamamlandy we goşmaça wagta geçdi. 93-nji minutda norweg derwezebany Erland Nýuland ilki Keýniň kelle bilen uran güýçli zarbasyny yzyna gaýtarmagy başardy. Emma hüjüm dowam etdi: Ebereçi Eze çep gapdaldan topy jerime meýdançasynyň ýarym aýlaw sebitindäki Morgan Rojerse tarap yzyna öwrüp berdi, ol bolsa derwezä tarap güýçli zarba urdy. Nýuland bu zarba hem gaýtargy berdi, ýöne topy edil öňüne urup gaýtardy. Gaýtalanan topa birinji bolup ýeten Jud Bellingem goragçy Estigordan öňe saýlandy we dubluny hasaba ýazdyrdy –1:2.

99-njy minutda emin ilki Norwegiýanyň derwezesine penalti belledi, emma VAR-yň goşulmagyndan soň, Kleman Týurpen wideogörnüşi monitoryň öňünde özi gaýtadan synlap, beren kararyny ýatyrdy

Duşuşyk edil şu hasap bilen, ýagny Angliýanyň ýeňşi bilen tamamlandy, Jud Bellingem bolsa oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.
Argentina — Şweýsariýa 3:1 (goşmaça wagtda)
Argentinalylar şweýsariýalylary ýeňdiler we rekorda tarap barýarlar

Dünýäniň häzirki çempiony bolan Argentinanyň ýygyndysy goşmaça wagtda Şweýsariýanyň garşylygyny döwdi. Kanzas-Sitidäki (ABŞ) «Errowhed» stadionynda geçen duşuşyk 70 müňe golaý tomaşaçyny ýygnady we günorta amerikalylaryň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Argentinalylar eýýäm oýnuň 10-njy minutynda öňe saýlandylar: Lionel Messiniň burçdan uran urgusyndan soň, Aleksis Mak Allister ýokary böküşde ýeňiş gazanyp, hasaby açdy. Birinji ýarymyň galan wagtynda iki tarapdan hem köp sanly hüjümleriň bolmagyna garamazdan, arakesmä çenli hasap üýtgemedi.

Şweýsariýa 67-nji minutda hasaby deňledi. Dan Ndoýe tizlik bilen Argentinanyň jerime meýdançasyna böwsüp girip, Rikardo Rodriges bilen çalt «diwar» oýnuny görkezdi, goragçylardan sypdy we takyk zarba bilen hasaby deňläp, 1:1 etdi.

72-nji minutda şweýsariýalylar meýdançada bir adam az bolup galdylar. Hüjümçi Bril Embolo emini aldajak bolup, bilgeşleýinden ýykyldy. Ilki başda baş emin Žoau Pineýru muňa ynanyp, argentinaly ýarymgoragçy Paredesi sary kart bilen jezalandyrdy, emma VAR-yň tassyklamagyndan soň, argentinalynyň kartyny ýatyrdy we onuň ýerine Embolonyň özüne sary kart görkezdi. Hüjümçiniň öň 44-nji minutda alan duýduryşy bilen bu kart gyzyla öwrüldi.

Mundan soň «susagyň sapy» doly Argentinanyň eline geçdi, emma olar şonda-da esasy wagtda ýeňiş gazanmagy başarmadylar.
Oýnuň ykbaly goşmaça wagtda çözüldi. 112-nji minutda Hulian Alwares topy jerime meýdançasynyň daşynda kabul etdi, aldawly hereket bilen gapdala süýşdi we sag aýagy bilen ugur tapyp uran zarbasy arkaly garşydaşyň derwezesini «dokuzlykdan» nyşana aldy – 2:1.


120+1-nji minutda Lautaro Martines duşuşyga ymykly nokat goýdy. Ýyldyrym çaltlygyndaky garşylykly hüjüm wagtynda Týago Almada tizlik bilen jerime meýdançasyna böwsüp girdi, şweýsariýaly goragçyny owadanlyk bilen aldady we ýakyn aralykdan derwezä urdy. Derwezeçi Gregor Kobel adatdan daşary böküş edip, topuň öňüni kesmegi başardy, ýöne yza gaýdan topa hemmelerden öňürti ýeten Martines boldy we ol oýnuň gutarnykly hasabyny mälim etdi –3:1.
Bu ýeňiş argentinalylaryň dünýä çempionatlaryndaky utulmasyz tapgyryny 12 oýna (9 ýeňiş, 2 deňme-deňlik) ýetirdi we bu görkeziji ýaryşyň taryhyndaky iň dowamly tapgyr boldy. Mundan başga-da, ýygyndynyň kapitany Lionel Messi dünýä çempionatlarynyň pleý-off tapgyrynda oýnan oýunlarynyň sany boýunça täze taryhy rekord goýdy – indi onuň hasabynda 15 oýun bar. Bu bolsa oňa germaniýaly öňki hüjümçi Miroslaw Klozeden (14 oýun) öňe saýlanmaga mümkinçilik berdi.
Ýarym finallarda futbol janköýerlerine indi Argentina bilen Angliýanyň ýygyndylarynyň, şeýle-de Fransiýanyň topary bilen Ispaniýanyň – hakyky ägirtleriň gapma-garşylygy garaşýar.
Häzirki wagtda DÇ-2026-nyň iň netijeli 5 hüjümçisi:
Lionel Messi (Argentina) — 8 gol;
Kilian Mbappe (Fransiýa) — 8 gol;
Erling Holand (Norwegiýa) — 7 gol;
Harri Keýn (Angliýa) — 6 gol;
Usman Dembele (Fransiýa) — 5 gol.
Ýarym final oýunlarynyň tertibi (Aşgabat wagty bilen):
Fransiýa — Ispaniýa (Arlington) — 15-nji iýul, sagat 00:00;
Angliýa — Argentina (Atlanta) — 16-nji iýul, sagat 00:00.