DÇ-2026-nyň ýarym finallary: Angliýa bilen Argentinanyň ägirt garşylaşygy, Mbappe-de Ýamala garşy

Düýn, 16:216,798
1 / 13

Dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek ýeňşe esasy dalaşgär hasaplanýan dört toparyň dördüsi hem birden ýarym finala çykdy. Biz sözüň doly manysynda, iň güýçlüleriň iň güýçlüler bilen boljak göreşine şaýatlyk ederis. Çünki bu tapgyra çenli FIFA-nyň milli ýygyndylaryň reýtinginde ilkinji dört orny eýeleýän toparlar geldi: Fransiýa birinji, Argentina ikinji, Ispaniýa üçünji, Angliýa bolsa dördünji ýerde dur.

Şu dört topar (az-kem başgaça tertipde) entek çempionat başlamanka bukmekerler we jedel biržalary tarapyndan hem ýeňşe iň esasy dalaşgärler hasaplanypdy.

Fransiýa — Ispaniýa: Kämil ýollaryň we klub bäsdeşleriniň dueli

Iki ýygyndy hem ýarym finala çenli ýekeje gezek hem utulman geldiler we ähli meseleleri oýnuň esasy wagtynda çözmegi başardylar.

Fransiýa ýaryşda oýnan 6 oýnunyň hemmesinde ýeňiş gazanyp, umumy 16:3 hasabyny görkezdi. Gollar we aratapawut görkezijisi (+13) boýunça ol ýarym finalçylaryň arasynda iň gowusydyr.

Ispaniýa bütin çempionat boýunça öz derwezesinden diňe bir gol goýberdi (Belgiýa bilen oýunda — 2:1), Kabo-Werde bilen bir gezek deňme-deň oýnady (0:0) we galyberse-de ähli duşuşyklarda ýeňdi. Olaryň gollarynyň tapawudy 11:1 (+10) ýaly görnüşdedir

Bu oýun UEFA Milletler ligasynyň 2024/25 möwsümindäki 2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda bolup geçen we ispanlaryň 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan dartgynly ýarym finalynyň gaýtalanmasy bolar.

Bu oýun UEFA Milletler ligasynyň 2024/25 möwsümindäki 2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda bolup geçen we ispanlaryň 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan dartgynly ýarym finalynyň gaýtalanmasy bolar.

Angliýa — Argentina: Beýik garşylaşygyň nobatdaky şahasy

Häzirki Dünýä çempiony bolan Lionel Messiniň ýolbaşçylygyndaky argentinalylar bilen Angliýanyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşyk örän dartgynly bolmagy wada berýär. Iki topar hem eminleriň jedelli kararlary we kambekler bilen doly kyn ýoly geçdi.

Lionel Skaloniniň şägirtleri (Argentina) esasy wagtda 4 ýeňiş gazanyp, iki gezek deňme-deň oýnadylar (gollaryň tapawudy 13:5). Angliýalylar bolsa 6 oýnuň 4-sinde esasy wagtda ýeňiş gazandylar we ýarym finalçylaryň arasynda iň pes gol tapawudyna eýedirler — 12:6 (+6). Emma muňa garamazdan, hünärmenler olardan iň ýokary derejeli oýna garaşýarlar.

Bu ýygyndylaryň Dünýä çempionatlaryndaky duşuşyklarynyň taryhynda, futbol taryhynyň altyn sahypalaryna giren birnäçe meşhur wakalar bar.

-1966: Rattiniň meýdançadan kowulmagy we sary hem-de gyzyl kartlaryň döremegi

Çärýek finalda ýaryşyň eýesi bolan iňlisler 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Bu oýun uly dawa-jenjel bilen ýatda galdy: nemes emini özüne gödek söz aýdany üçin argentinalylaryň kapitany Antonio Rattini meýdançadan gysgaça yşarat bilen kowupdy, ol wagtlar entek gyzyl kart diýen zat ýokdy. Rattin munuň eminiň eden-etdiligidigini aýdyp, meýdançadan çykmakdan ýüz dönderdi. Agyz deňemek we garşylyklar tas 10 minuda çekdi. Oýundan soň Angliýanyň tälimçisi Alf Ramsi garşydaşlaryny «haýwanlar» diýip atlandyrdy.

Hut şu waka emin Ken Astonyň kellesine swetofor ýörelgesi boýunça hemmelere düşnükli boljak sary we gyzyl kart ulgamyny girizmek pikiri getirdi. Bu ulgam eýýäm DÇ-1970-de ulanylyp başlandy.

-1986: «Hudaýyň eli» we «Asyryň goly»

Meksikanyň «Asdeka» stadionynda geçirilen çärýek final duşuşygy Folklend urşunyň yz ýanyndaky dartgynly pursatlara gabat geldi. Diýego Maradona oýnuň 51-nji minutynda topy eli bilen derwezeden geçirip, hasaby açdy. Bu taryhy hemmeler bilýändir.

Oýundan soň ol:

– Bu gol birneme Hudaýyň «eli», birneme-de Maradonanyň kellesi bilen uruldy –diýip mälim etdi.

Bu sözem alaga-da, ganatly jümle bolup taryha girdi.

Maradona bu gola hatda öz topardaşlarynyň hem ynanmandygyny, şonuň üçin olary goly baýram etmäge özüniň çagyrandygyny ýatlap, şeýle gürrüň berýärdi:

– Olaryň geň galandygy görnüp durdy. Men olara: «Geliň, meni gujaklaň, ýogsam emin goly hasap etmez» diýdim. Topardaşlarymdan biri biziň iňlisleri arassaja talaýandygymyzy aýtdy. Menem oňa: «Ogrudan ogurlamak halaldyr» diýen nakyl bilen jogap berdim.

Emma iş munuň bilen tamamlanyp galmady. Şondan dört minut geçenden soň, Maradona Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň beýik goly urdy: ol topy meýdançanyň öz tarapyndan alyp, garşydaşyň derwezesine çenli 60 metr aralygy ylgap geçdi. Ýolugra dört sany meýdança oýunçysyny we derwezebany aldap, pökgi bilen öňe urdy we ony owadan edip, boş derwezä girizdi. Iňlisler ruhy taýdan syndylar.

Gari Linekeriň soňra uran goly olary halas etmäge ýetmedi. Argentina 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

DÇ–1998: Dewid Bekhemiň dramasy: 1/8 final duşuşygynda 18 ýaşly Maýkl Owen ajaýyp bir gol urdy we birinji ýarym 2:2 hasabynda tamamlandy. Ikinji ýarymyň başynda Diýego Simeone Dewid Bekhemiň arkasyndan gelip, gaty urdy. Bu düzgün bozulmadan soň, otuň üstünde ýatan Bekhem gaharyna bäs gelip bilmän, argentinalyny aýagy bilen çalaja depdi. Emin hem edil şol ýerdedi we hemmesini gördi.

Bekhem gyzyl kart alyp, meýdançadan kowuldy we uzak ýyllaryň dowamynda Angliýada halk köpçüliginiň iň ýigrenji gahrymanyna öwrüldi. Netijede, iňlisler penalti seriýasynda utuldylar.

2002: Günäni ýuwmak nokady: Ykbal bäsdeşleri toparçalaýyn tapgyrda ýene-de ýüzleşdirdi. Tutuş oýun boýunça Argentina meýdançada artykmaçlygy elinde saklady, ýöne oýnuň ykbalyny Maýkl Oweniň jerime meýdançasynyň içinde ýykylmagy çözdi. Pýerluidji Kollina tarapyndan bellenilen penalti gaty jedellidi, ýöne Dewid Bekhem ony sowukganlylyk bilen dürs urdy we dört ýyl öňki şahsy armanyny, içki kitüwini ýazdy. Angliýa 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýarym final duşuşyklarynyň tertibi:

Fransiýa — Ispaniýa: 15-nji iýul, sagat 00:00 (Arlington);

Angliýa — Argentina: 16-njy iýul, sagat 00:00 (Atlanta).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.