DÇ-2026-nyň Fransiýa – Ispaniýa ýarym final duşuşygy bir minutlyk dymyşlyk bilen başlanar

Şu gün, 13:083,355

Fransiýanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ýarym final duşuşygy 2016-njy ýylda Nissada bolup geçen terrorçylykly hüjümiň pidalaryny hatyralap, bir minutlyk dymyşlyk bilen başlanar.

Edil on ýyl ozal, 2016-njy ýylyň 14-nji iýulynda Nissada Bastiliýanyň alnan gününiň baýram edilýän wagtynda bir adam baýramçylyk feýerwerkinden lezzet almak üçin şol ýere jemlenen mähelläniň üstüne blikastlaýyn öz ýük ulagyny sürüpdi. Şol terrorçylykly hüjümde 86 adam wepat boldy, ýene 308 adam bolsa dürli şikesler aldy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bu başlangyjy goldandygy üçin Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

«Fransiýa – Ispaniýa duşuşygynyň öňüsyrasynda 2016-njy ýylyň 14-nji iýulyndaky wakalardan on ýyl geçenden soň, Nissadaky terrorçylykly hüjümiň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan ediler. Fransiýanyň we ähli fransuz halkynyň bu haýyşyny goldap, seslenendigi üçin FIFA-nyň prezidentine sagbolsun aýdýarys. Biz muny hiç wagt unutmarys» diýip, Makron özüniň sosial ulgamlardaky sahypalarynda ýazdy.

Bu oýun 15-nji iýulda, gije ýarymda Dallasda (ABŞ) geçiriler. Duşuşygyň başlanýandygyny bildirýän jürlewügiň sesi Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da ýaňlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.