Häzirki çempionatda açgözlügi öňkülerden has köp gürrüň edilýän Halkara futbol federasiýasy (FIFA) howadan, has takygy, bu gezek göni manysynda ýerden millionlarça dollar gazanmagyň täze usulyny tapdy. Guramanyň resmi saýtynda dünýä çempionatynyň final oýny geçiriljek «Metlaýf» stadionyndan ot böleklerini öňünden sargyt etmek mümkinçiligi peýda boldy.
Meýdançanyň bölekleri oýun gutarandan soň ýygnalyp, akril şepbiginiň içinde möhürlener, her bir sowgadyň üstünde bolsa oýnuň hasaby ýazylar. Topluma harydyň hakykylygyny tassyklaýan USB-fleşka hem goşular. 
Bu kolleksiýa önümleri 450, 900, 1200 we 3000 dollar bahadan satylýar. Umumy sany çäklendirilen bolup, elýeterli bolan dört sany toplumyň hersi üçin 2026 sanysy taýýarlanylar. Şeýlelikde, FIFA-nyň bu satuwdan aljak umumy girdejisi, takmynan, 11,2 million dollar bolar.
«Her bir bölek finalyň meşhur oýun meýdançasyndan hakyky bölejigi öz içine alýar, bu bolsa ony dünýäniň iň beýik sport wakalarynyň birine bagyşlanan üýtgeşik kolleksiýa predmetine öwürýär» – diýlip, harydyň düşündirişinde bellenilýär.
Gazon böleklerini diňe ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Ýewropanyň alyjylary sargyt edip biler.
2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygy 20-nji iýula geçilýän gije sagat 00:00-da (Aşgabat wagty boýunça) bolar.