«Sagdyn Hytaý» döwlet başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäginde, Hytaý Halk Respublikasynyň häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli ilatyň garaşylýan ortaça ömür dowamlylygyny 80 ýaşa çenli ýokarlandyrmagy öz öňlerinde maksat edip goýdular. Deňeşdirmek üçin aýtsak, Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça bu görkeziji 79,25 ýaş derejesinde hasaba alyndy. Degişli ugurlar HHR-nyň Döwlet Geňeşi tarapyndan çap edilen raýatlaryň saglygyny gowulandyrmak baradaky täze bäşýyllyk meýilnamada öz beýanyny tapýar.
Täze resminamanyň esasy wezipesi — lukmançylyk hyzmatlaryny has-da deňagramly we ilatyň ähli gatlaklary üçin elýeterli etmek, şeýle hem raýatlaryň öz saglygy üçin şahsy jogapkärçiliginiň derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Hytaýyň ýaşaýjylarynyň saglygynyň esasy görkezijileri girdejisi ýokary bolan döwletleriň görkezijileri bilen deňleşmelidir.
Bu netijelere ýetmek üçin edaralar aşakdaky wezipelere ünsi jemlemegi meýilleşdirýärler:
– Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda howpsuzlygy berkitmek we ilkinji basgançakdaky (ýerli) lukmançylyk edaralarynyň keselleriň öňüni almak hem-de bejermek boýunça mümkinçiliklerini giňeltmek.
– Lukmançylyk kömegini bermegiň bitewi we ýokary netijeli ulgamyny döretmek.
– Raýatlara tutuş ömrüniň dowamynda edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek
– HHR-nyň tutuş lukmançylyk pudagynyň ýokary hilli ösmegi üçin täze ugurlary gözlemek we ony netijeli dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak.