16-njy iýula geçilýän gije ABŞ-yň Atlanta şäherindäki «Mersedes-Benc» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň ikinji ýarym final duşuşygy geçirildi. Argentinanyň milli ýygyndysy örän agyr oýunda Angliýanyň garşysyna taryhy bäsleşikde 2:1 hasabynda ýeniş gazandy. Argentinleriň kapitany Lionel Messi iki assist bilen oýnuň esasy gahrymany boldy.
Duşuşygyň ilkinji 45 minudy dünýä çempionatlarynyň taryhyna geň görkezijiler bilen girdi – 1966-njy ýyldan bäri ilkinji gezek oýnuň birinji ýarymynda toparlar derwezä tarap birje gezek hem takyk zarba urup bilmediler. Muňa garamazdan, meýdançadaky dartgynlyk ýetjek derejesine ýetdi.

Tomaşaçylar howply pursatlaryň ýerine meýdançadaky yzygiderli göreşdir dawa-jenjellere tomaşa etdiler. Iki topar derwezä tarap jemi üç urgy etdi (iki sanysyny Argentina, birini Angliýa) hem-de 19 gezek düzgün bozdy (argentinalylar 12, iňlisler 7 gezek). Duşuşygyň baş emini Ismail Elfat bu aralykda diňe iki sany sary kart görkezdi: owadan hereket bilen garşydaşlaryny aldap barýan Lionel Messä garşy düzgün bozanlygy üçin iňlis goragçysy Elliot Andersona we hüjüme tarap «gaçyp» barýan Morgan Rojersi saklany üçin argentinaly goragçy Lisandro Martinese.


Arakesmeden soň oýun has-da gyzgalaňgy gitdi. Eýýäm 47-nji minutda Hulian Alwares derwezä tarap ilkinji takyk zarbany urup, iňlisleriň derwezebany Jordan Pikfordyň ukybyny barlady.
Emma hasaby Tomas Tuheliň şägirtleri açmagy başardylar. 55-nji minutda Keýn yza çekilip, sag ganata gowy pas berdi. Nikolas Talýafiko ýykylyp, bu pasy kesmegi başardam welin, topy eýelän Raýs ony çyzygyň ugrundaky Rojerse geçirdi. Morgan topy aşakdan jerime meýdança ugratdy, bu ýerde «Barselonanyň» täze oýunçysy Entoni Gordon goragçydan öňürdip, hasaby açdy — 1:0.

Gol goýbereninden soň Argentina oýny doly öz eline aldy we iňlisleri goraga çekilmäge mejbur etdi. Baş tälimçisi Tomas Tuhel meýdandan bir goragçy, bir ýarym goragçy hem-de bir hüjümçini çykaryp, olara derek üç goragçyny oýna saldy.
Şol pursatdan başlap günorta amerikalylar derwezeban Jordan Pikfordyň ussatlygyny synap başladylar.
69-njy minutda Messiniň ýollan pasyndan soň Nikolas Gonsales topy kelle bilen derwezä tarap gönükdirdi, emma Pikford öz toparyny halas etdi. Yzýany ol Aleksis Makallisteriň hem örän howply urgusyny yza gaýtardy. Ýene bir hüjümde Makallisteriň uran topy derwezäniň sütünini sarsdyrdy.
84-nji minutda iňlis derwezebany Enso Fernandesiniň uzakdan uran güýçli zarbasyny çykarmagy başardy. Şol daşa çykan topy Messi (burçdan) De Paul bilen gysga paslar arkaly oýna girizdi, Rodrigo topy ýene-de Leo gaýtardy, ol bolsa jerime meýdançasynyň burçuna tarap süýşüp, topy orta aşyrjak ýaly etdi-de, tersine meýdançanyň merkezindäki şol bir Enso tarap ugratdy. Enso Fernandes bolsa ýene ýaňky nokatdan, bu gezek derwezeban halas edip bilmez derejede sag burçy nyşana alyp, hasaby deňledi — 1:1.

Bu gol Argentinanyň häzirki ýaryşdaky 17-nji goly boldy, bu ýarym finala ýeten toparlaryň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Hasaby deňlän argentinalylar hüjüm etmegini dowam etdirdiler.
90+2-nji minutda Makallister iňlisleriň derweze sütünini ýene bir gezek sarsdyrdy. Topa Messi eýe çykdy, ol ony alyp, soňky çyzyga çenli ylgady we ol ýerden uzak sütüne tarap aşyrdy. Bu ýerde bolsa oýna ätiýaçdan goşulan Lautaro Martines iňlis goragçylaryndan has jaýdar pozisiýany eýeläp, kellesi bilen Jordan Pikfordyň goraýan derwezesini zabt etdi — 2:1.

Argentina bu ýaryşda ýene bir gezek çempionlyk häsiýetini görkezip, ýeňşi iň soňky sekuntlarda gazanmagy başardy.

39 ýaşly Messi duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Ol DÇ-2026-da eýýäm bäşinji gezek şeýle baýragy eýeledi.

Messi bu oýunda özi gol urmasa-da, beren iki assisti üçin rekordyny dowam etdirdi: argentinaly futbolçy dünýä çempionatlarynyň yzygiderli 11 oýnunda netijeli hereket (gol+pas ulgamy boýunça) görkezmegi başardy. Bu görkeziji DÇ-2022-niň 1/8 finalynda Awstraliýa garşy oýundan başlap yzy üzülmän, Niderlandlar, Horwatiýa, soňra finalda Fransiýa, şeýle hem DÇ-2026-da Alžir, Awstriýa, Iordaniýa, Kabo-Werde we Müsür bilen bolan oýunlarda dowam etdi. Şweýsariýa garşy çärýek finalda (3:1) onuň yzygiderli 9 oýunlyk gol urmak boýunça rekordy kesildi, emma ol ýerde-de Leo assist etmegi başarypdy. Häzirki wagtda argentinaly hüjümçi dünýä çempionatlarynda uran 21 goly bilen absolýut rekordyň eýesi bolmagynda galýar.




Argentinanyň milli ýygyndysy soňky dört mundialda üçünji gezek finala çykdy (olar 2014-nji ýylda Germaniýadan utulypdylar, 2022-nji ýylda bolsa Fransiýadan üstün çykdylar). Şeýle üstünlige ýetmek argentinalylara 1978-nji ýyldan 1990-njy ýyl aralygynda hem başardypdy, şonda olar üç gezek finalda oýnap, olaryň ikisinde ýeňiş gazanypdylar.

Öňde bize ýaryşyň iki sany jemleýji duşuşygy garaşýar:
- Üçünji orun ugrundaky oýun: Iýulyň 19-na geçilýän gije Angliýanyň milli ýygyndysy Fransiýa bilen duşuşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 02:00-da başlanar.
- Final: Iýulyň 20-ne geçilýän gije, sagat 00:00-da Ispaniýanyň milli ýygyndysy Argentina bilen ýüzleşer.