Fransiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi wezipesinde Deşamyň ornuny Zidan eýelär. DÇ sebäpli başga kim gitdi?

Şu gün, 11:014,719
1 / 7

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Didýe Deşam 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň milli topardaky işini tamamlar. Insaýderleriň habar berşi ýaly, onuň ornuna Zinedin Zidan geler.

Deşam şertnamasynyň möhleti gutarandan soň wezipesinden gitmek baradaky meýlini entek 2025-nji ýylyň ýanwarynda mälim edipdi. Dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Fransiýa Ispaniýadan 0:2 hasabynda utulandan soň, baş tälimçi eminiň işini tankyt edip, ýene-de üns merkezine düşdi.

«Utulmagymyz sebäpli aýtjak islendik sözüm meni zeýrenjeň ýaly görkezer. Ýöne men barybir sorasym gelýär: bu eminiň DÇ-niň ýarym finalynda işlemäge ýeterlik hünär derejesi barmy? Bu sorag size, žurnalistlere berilýär, özüm muňa jogap bermerin. Ýok, gürrüň diňe penalti barada däl» – diýip, Deşam aýtdy.

Deşamyň ýolbaşçylygynda Fransiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy, 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finalyna ýetdi, 2021-nji ýylda Milletler ligasyny utdy we Ýewro-2016-nyň finalçysy boldy. Ol 2012-nji ýyldan bäri milli ýygynda ýolbaşçylyk edýär we onuň taryhynda iň uzak işlän baş tälimçidir. 57 ýaşly hünärmen üçin milli ýygyndynyň başyndaky iň soňky duşuşyk Fransiýa bilen Angliýanyň arasynda üçünji orun ugrundaky oýun bolar.

Žurnalist Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, Deşam gidenden soň, Fransiýanyň ýygyndysyna Zinedin Zidan ýolbaşçylyk eder. Ýöne «L'Équipe» neşiriniň habar bermegine görä, Zidanyň bellenilmegi zähmet haklaryna goýlan kanun çäklendirmesi sebäpli gijikdirilip bilner. Senat we Milli ýygnagyň bilelikdäki komissiýasy tarapyndan 8-nji iýulda kabul edilen kanuna laýyklykda, milli ýygyndynyň tälimçisi üçin iň ýokary ýyllyk zähmet haky €450 müň möçberinde bellenildi — bu Deşamyň alan hakyndan on esse azdyr. Häzirki wagtda Fransiýanyň Futbol federasiýasy Zidana iň gowy tälimçileriň derejesindäki şertnamany hödürläp bilmek üçin kanuna düzedişleriň girizilmegine garaşýar. Munuň üçin sport, ýaşlar we jemgyýetçilik durmuşy ministri Marina Ferrariniň aýratyn razylygy gerek bolar.

Mundan ozal Zidan iki gezek Madridiň «Real» klubuna tälim berip, onuň bilen üç gezek Çempionlar ligasynyň, iki gezek Ispaniýanyň çempionatynyň, Ispaniýanyň Superkubogynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolupdy.

Zidan Fransiýanyň ýygyndysynyň oýunçysy hökmünde 1998-nji ýylda dünýä çempiony we 2000-nji ýylda Ýewropa çempiony boldy.

Belläp geçsek, häzirki DÇ-2026 dürli tapgyrlarda azyndan 17 baş tälimçiniň wezipeden gitmegine sebäp boldy. Iýul aýynyň ortalaryna çenli aşakdaky tälimçiler öz wezipelerini terk etdi:

Sabri Lýmuşi (Tunis): Dünýä çempionatynyň gidişinde wezipesinden boşadylan ilkinji tälimçi boldy — ol toparlaýyn tapgyryň birinji oýnunda Şwesiýadan 1:5 hasabynda asgyn gelnenden soň wezipesinden aýryldy. Onuň ornuna gelen Erwe Renar bolsa bary-ýogy iki oýun işläp, Tunis ýaryşdan gaýdandan soň topardan gitdi.

Hon Mýon Bo (Günorta Koreýa): 57 ýaşly hünärmen öz topary «A» toparçadan çykyp bilmänden soň derrew wezipesinden gitmek bilen boldy. Koreýalylar Çehiýany utmagy başarsa-da (2:1), Meksikadan (0:1) we Günorta Afrikadan (0:1) utulyp, üçünji orny eýeledi we pleý-offa geçip bilmedi. Janköýerler we metbugat tälimçini hem-de futbol assosiasiýasynyň (KFA) ýolbaşçylygyny köpçülikleýin tankyt etdi. Honuň özüne hatda haýbat atylyp hem başlandy.

Ýagdaý şeýle bir ýitileşdi welin, Hon Seula dolanandan iki gün geçensoň maska geýip, gyssagly Los-Anjelese uçmaly boldy. Ol KHBS-e Watanyna haçan dolanjagyny bilmeýändigini aýtdy.

Marselo Býelsa (Urugwaý): Urugwaý garaşylmadyk ýagdaýda toparçadan çykyp bilmänsoň, milli ýygyndy bilen hoşlaşdy.

Sebastýen Minýe (Gaiti): 15-nji iýulda Gaitiniň futbol federasiýasy onuň bilen şertnamany ýatyrdy. Fransuz hünärmeni Gaitini 52 ýyldan soň ilkinji gezek DÇ-e çykaryp, haýran galdyran hem bolsa, toparçadaky üç utulyşdan soň hyzmatdaşlygy bes etmek kararyna gelindi.

Papa Tiaw (Senegal): 1/16 finalda Belgiýadan 2:3 hasabynda utulyp, ýaryşdan gaýdandan soň, tutuş tälimçiler düzümi bilen bilelikde işden boşadyldy. Senegal oýunda 2:0 hasabynda öňe saýlansa-da, duşuşygyň ahyrynda ýeňşi elden berdi.

Ýulian Nagelsmann (Germaniýa): 1/16 finalda Paragwaýdan penalti tapgyrynda utulyp, çempionatdan gaýdandan soň, wezipesinden gitdi. Metbugatyň ýazmagyna görä, Germaniýanyň ýygyndysynyň başyna Ýurgen Klopp geler.

Ronald Kuman (Niderlandlar): 1/16 finalda Marokkonyň ýygyndysyndan garaşylmadyk ýagdaýda utulandan soň işinden boşadyldy.

Zlatko Daliç (Horwatiýa): 1/16 finalda Portugaliýadan (1:2) utulandan soň, öz islegi boýunça wezipesinden gitdi. Daliç horwatlaryň ýygyndysyna tas 9 ýyl ýolbaşçylyk edip, olary DÇ-2018-iň kümüş we DÇ-2022-niň bürünç baýragyna getiripdi.

Roberto Martines (Portugaliýa): 1/8 finalda Ispaniýadan (0:1) utulan badyna topardan gitdi. Portugallar eýýäm täze tälimçiniň Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň öňki tälimçisi Žorži Žezuş boljakdygyny yglan etdi.

Hawýer Agirre (Meksika): 1/8 finalda Angliýadan (2:3) utulandan soň wezipesini tabşyrdy. Öňden meýilleşdirilişi ýaly, topary onuň kömekçisi, «Barselonanyň» öňki oýunçysy Rafael Markes kabul etdi.

Şeýle-de, Şotlandiýanyň, Çehiýanyň, Ekwadoryň, Gananyň, Alžiriň we Iordaniýanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçileri hem öz wezipelerinden gidýändiklerini mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.