Argentinanyň milli ýygyndysynyň we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi 2026-njy ýylyň «Altyn top» baýragyny almakda iň esasy dalaşgär diýlip yglan edildi. Polymarket platformasynyň çaklamasyna görä, häzirki wagtda onuň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 42%-e deňdir.
Bu waka Argentinanyň ýygyndysynyň Angliýany 2:1 hasabynda ýeňip, dünýä çempionatynyň finalyna çykmagyndan soň boldy. Ýarym final oýnunda Messi iki sany gol pasyny berdi. Ol şu gezekki dünýä çempionatynda özüniň umumy gollarynyň sanyny 21-e ýetirip, dünýä birinjilikleriniň taryhynda iň köp gol uran futbolçy hökmünde rekord goýdy (ol jemi 33 oýunda 21 gol urdy).
Möhüm baýraga Messiden başga-da esasy dalaşgärleriň arasynda Lamin Ýamal (27%), Harri Keýn (16%) we «Altyn topuň» häzirki eýesi Usman Dembele (3%) bar.
France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän bu baýragy gowşurmak dabarasy 26-njy oktýabrda Londonda geçiriler.
39 ýaşly Messi eýýäm sekiz gezek «Altyn topyň» eýesi bolmagy başardy. Ol 2023-nji ýyldan bäri «Inter Maýami» klubunda oýnaýar. 2025-nji ýylyň möwsüminde argentinaly ýyldyz MLS ligasynda 34 oýun geçirip, 35 gol urmagy başardy we MLS Kubogyny gazandy. Şu möwsümde bolsa ol 14 oýunda 12 gol urmagy başardy.
2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygy Argentina bilen Ispaniýanyň arasynda 20-nji iýula geçilýän gije, Nýu-Jersiniň «Metlaýf» stadionynda bolar.