Sotheby's auksionynda Peläniň 1918-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň finalynda geýen futbol köýnekçesi, şeýle-de Diýego Maradonanyň 1986-njy ýylyň Dünýä çempionatynda «Hudaýyň eli» hem-de «Asyryň goly» diýlip atlandyrylan gollary uran wagty goluna daňan kapitandyk daňysy satyldy.

Peläniň köýnekçesi 4,88 million dollara ýerlendi. Şol wagtar 17 ýaşyndaky Peläniň Şwesiýa garşy final duşuşygynda iki gol (dubl) uran wagtynda egninde bolan bu köýnekçe futbol taryhynda iň gymmat satylan ikinji oýun lybasy boldy.


1958-nji ýylyň finalyndan soň Pele bu köýnekçesini milli ýygyndydaky ýoldaşy Didä sowgat beripdir. Wagtyň geçmegi bilen ol Rio-de-Žaneýrodaky Sport muzeýine düşýär, 2004-nji ýylda bolsa Christie's auksionynda 105,6 müň dollara satylýar.

Maradonanyň kapitandyk daňysy bolsa 512 müň dollara bahalandy. Argentinaly ýyldyz Angliýa garşy çärýek finaldan başga-da, bu daňy bilen Urugwaýa garşy 1/8 final duşuşygyna we Germaniýa garşy geçirilen final oýnuna hem çykypdy. Ýaryşdan soň Maradonanyň hossarlarynyň biri bu gymmatly taryhy ýadygärligi final oýnunyň geçirilen ýeri bolan Mehikodaky «Atsteka» stadionynyň bir işgärine sowgat edipdir.


Ýatlap geçsek, Pele 2022-nji ýylyň dekabrynda düwnük keseliniň agyrlaşmagy sebäpli 82 ýaşynda aradan çykypdy. Maradona bolsa 2020-nji ýylyň noýabrynda, 60 ýaşynda ýüreginiň duýdansyz durmagy netijesinde wepat bolupdy.