DÇ-2026-nyň baş baýragy Louis Vuitton çemodanynda getiriler

Şu gün, 08:532,165

Dünýä çempionatynyň baş baýragy «Nýu-Ýork — Nýu-Jersi» («Metlaýf») stadionyna ýörite taýýarlanan Louis Vuitton keýsinde gowşurylar. Şeýlelikde, fransuz modalar öýüniň bassyr bäşinji gezek futboluň baş kubogy üçin niýetlenen gaby taýýarladygy bolar.

Bu kaşaň çemodan brendiň şahsy monogramma nagyşlary, altyn reňkli «V» harpy we altyn çaýylan bürünç şaý-sepler bilen bezelip, sarymtyl deri bilen gaplanypdyr. Gabyň içinde bolsa Louis Vuitton we FIFA guramalarynyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýörite nyşan ýerleşdirilendir. Kompaniýa 2010-nji ýyldan bäri bu çempionat üçin ýörite gaplary öndürip gelýär – şuňa meňzeş keýsler 2010, 2014, 2018 we 2022-nji ýyllardaky ýaryşlarda hem ulanylypdy.

«On ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Louis Vuitton we FIFA sportuň adamlary ruhlandyrmaga hem-de birleşdirmäge bolan güýjüne ynanyp, kämilliğe bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny paýlaşyp gelýärler» diýip, Louis Vuitton kompaniýasynyň baş direktory we direktorlar geňeşiniň başlygy Pýetro Bekkari belledi.

Aslynda, kaşaň brendler eýýäm köp wagtdan bäri professional sport äleminde öz ornuny tapmagy başardylar. Meselem, Tiffany & Co kompaniýasy Superboul ýeňijisine gowşurylýan we häzirki wagtda «Wins Lombardi kubogy» hökmünde tanalýan baýragy 1967-nji ýyldaky ilkinji oýundan bäri taýýarlap gelýär. Şeýle hem, Louis Vuitton Formula-1 bilen baglaşan 10 ýyllyk şertnamasynyň çäginde, Gran-pri ýaryşlarynyň baş baýraklary üçin ýörite kaşaň çemodanlary dizaýn edýär.

Emma her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Dünýä çempionatynda diňe ýekeje hakyky baş baýrak bar. Ol adatça Sýurihdäki FIFA-nyň muzeýinde goralyp saklanýar. Şol sebäpli hem, bu gymmatly taryhy baýragy gatnatmak üçin ýörite çemodan taýýarlamak kaşaň önümleri öndürýän islendik brend üçin hem iň abraýly wezipeleriň biri hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.