DÇ-2026-nyň ýeňijilerine ilkinji gezek çempionlyk ýüzükleri berler

Şu gün, 14:341,918
1 / 2

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazanan milli ýygyndy taryhda ilkinji gezek çempionlyk ýüzüklerini alar. Bu barada FIFA habar berdi.

Ýüzügiň bir tarapynda dünýä çempionatynyň kubogy şekillendiriler, beýleki tarapy bolsa ýeňiji bolan topar üçin ýöriteleşdiriler. Ýaryşyň final duşuşygy 20-nji iýula geçilýän gije bolar, onda Argentinanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary duşuşar.

Jemi 2026 sany ýüzük çykarylar. Olaryň 30 sanysy çempion bolan toparyň oýunçylary we tälimçiler düzümi üçin niýetlenendir, galanlary bolsa ýaryşyň resmi ygtyýarnamaly önümleri hökmünde satuwa çykarylar.

Her bir ýüzüge aýratyn belgi we hakykylyk güwänamasy berler. Satyn alyjylar üçin olar barmagyň ölçegine görä taýýarlanylar. Finaldan soň toparyň kapitany we baş tälimçisi wagtlaýyn ýüzükleri alar, ähli oýunçylar üçin hemişelik ýüzükler bolsa has soňrak, şahsy sargyt boýunça ýasalar.

«Bu bütin ömrüň dowamynda ýaň salyp durjak uly üstünligiň hatyrasyna ýüzügi ömürlik dakynmagy üpjün eder» – diýip, FIFA belledi.

Dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Argentina Angliýany, Ispaniýa bolsa Fransiýany utupdy.

Argentinanyň milli ýygyndysy dünýä birinjiligini üç gezek gazandy, iň soňky gezek — 2022-nji ýylda çempion boldy. Ispaniýa bolsa taryhda bir gezek — 2010-njy ýylda dünýä çempiony bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.