Drikus dýu Plessi vs Kamaru Usman: ertirki UFC Fight Night 281 ýaryşyny nirede görmeli?

Şu gün, 18:241,504
1 / 2

18-nji iýuldan 19-njy iýula geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 19-njy iýul) ABŞ-nyň Oklahoma-Siti şäherinde UFC promouşeniniň nobatdaky gyzgalaňly ýaryşy — UFC Fight Night 281 geçiriler.

Agşamyň esasy wakasy guramanyň öňki iki sany çempionynyň: günorta afrikaly Drikus dýu Plessi bilen nigeriýaly Kamaru Usmanyň arasynda orta agramda (84 kg çenli) geçiriljek tutluşyk bolar.

32 ýaşly dýu Plessi 2024-nji ýylyň ýanwarynda Şon Striklendi ýeňip, orta agramda çempion bolupdy. 2025-nji ýylyň awgustynda Hamzat Çimaýewden ýeňlip, guşagyny aldyrmazdan öň bolsa, ony iki gezek üstünlikli gorady.

39 ýaşly Kamaru Usman 2019-njy ýylyň martynda Taýron Wudliden üstün çykyp, ýarym orta agramda titulyň eýesi boldy. Ol bäş üstünlikli goragy geçirdi. 2022-nji ýylyň awgustynda bolsa Leon Edwardsdan nokaut arkaly ýeňlip, guşagyny elden gidirdi. Häzir ol karýerasyny orta agram diwizionynda dowam etdirýär.

Ýaryşyň deslapky söweşleri Aşgabat wagty boýunça sagat 02:00-da, esasy kardyň duşuşyklary bolsa sagat 05:00-da başlar. Dýu Plessi bilen Usmanyň tutluşygynyň sagat 07:30 töweregi başlamagyna garaşylýar.

Uruşlara «Матч ТВ», «Матч! Боец» kanallarynda, şeýle-de «Okko Sport» striming platformasynda we UFC Fight Pass hyzmatynda göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Dýu Plessiniň hasabynda garyşyk başa-baş söweşlerde 23 ýeňiş we üç ýeňliş bar. Usman bolsa 21 söweşde ýeňiş gazanyp, dört gezek ýeňlişe sezewar boldy.

UFC Fight Night 281 ýaryşynyň esasy kardy:

  • Drikus Dýu Plessi (84,14 kg) vs Kamaru Usman (84,36 kg);
  • Jared Kannonýe (83,91 kg) vs Kristian Leroý Dankan (84,14 kg);
  • Çeýz Huper (71,44 kg) vs Mitç Ramires (70,53 kg);
  • Tommi Makmillen (66,22 kg) vs Alberto Montes (66,22 kg);
  • Tabata Riççi (52,61 kg) vs Fatima Klaýn (52,38 kg).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.