Oklahomada UFC Fight Night 281 ýaryşy tamamlandy. Onuň esasy duşuşygynda orta agramyň öňki çempiony Drikus dýu Plessi bilen ýarym orta agramda titulyň öňki eýesi Kamaru Usman duşuşdy. Ýaryş garaşylmadyk netijeler, eks-çempionyň ynamly dolanmagy hem-de pul bonuslary bilen ýatda galyjy boldy.
Esasy söweş: Dýu Plessi Usmana ýol bermedi

Kamaru Usman üçin orta agram derejesine çykmagy şowsuzlyk bilen tamamlandy. Drikus dýu Plessi bolsa, tersine, Hamzat Çimaýew bilen tutluşykda guşagyny aldyranyndan soň, oktagona güýç bilen dolanyp geldi.
Dýu Plessi bäş raundyň dowamynda tutluşygyň gidişine doly gözegçilik etdi. Eýýäm ilkinji bäş minutlykda günorta afrikaly söweşiji sag eli bilen anyk urgulary urup, garşydaşyny gowy sarsdyrdy. Ýöne Kamaru hem özüni ele alyp, ýuwaş-ýuwaşdan garşydaşyna urgy ýetirip başlady we goraga ünslüräk boldy.


Ikinji raundyň başynda dýu Plessi Usmanyň kellesine dyzy bilen güýçli urgy geçirdi. Usman özüni dürsemegi başaran hem bolsa, soňlugy bilen hemme hüjümleri diýen ýaly sypdyryp başlady.
Bu agşam nigeriýaly söweşijiniň ne goragy, ne-de göreşi kömek etdi. Üçünji raundda Kamaru teýkdaun etmegi başardy, ýöne garşydaş derrew aýak üstüne galdy.

Dördünji we bäşinji raundlarda Drikus haý-kikler hem-de sag tarapdan takyk urgular arkaly agalygyny dowam etdirdi, ýöne oýlanyşykly hereket edip, duşuşygy möhletinden öň tamamlamaga howlukmady. Usmanyň söweşiň ahyryndaky gijikdirilen hüjümi bolsa eýýäm hiç hili netije bermedi.

Eminler biragyzdan 50-45 we 49-46 (iki gezek) hasabynda ýeňşi dýu Plessä berdi. Söweşden soňky interwýusynda Drikus orta agramda guşagy yzyna gaýtaryp almakçydygyny we titul söweşine bil baglaýandygyny aýtdy.
Tutluşykdan soň söweşijileriň ikisi hem «Agşamyň söweşi» üçin goşmaça $100 000 möçberinde bonus aldy.
Ikinji esasy waka, esasy kardyň garaşylmadyk netijeleri we bonuslar

- Kristian Leroý Dankan vs. Jared Kannonir: Britaniýaly orta agramly söweşiji Dankan ýaryşyň ikinji esasy söweşinde eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen (29-28, iki gezek 30-27) amerikaly Kannonirden üstün çykdy. Kristian üçin bu ýeňiş yzygiderli bäşinji boldy.
- Çeýz Huper vs. Mitç Ramirez: Huper işi uzaga çekmän, eýýäm birinji raundyň 2:15 minutlygynda Ramiresi arkasyndan bogujy emel arkaly ýeňdi. Bu möhletinden öňki ýeňşi üçin Çeýz $25 000 möçberinde bonus gazandy.
- Fatima Klaýn vs. Tabata Riççi: Zenanlaryň arasyndaky duşuşykda Klaýn eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen 30-27 hasabynda Riççini ýeňdi.
- Tommi MakMillen vs. Alberto Montes: MakMillen üçünji raundda, 3:29 minutlykda Montesi nokauta gidirdi. Bu ýeňiş Tommä «Agşamyň iň gowy çykyşy» üçin $100 000 möçberinde bonus getirdi.
Makmillenden başga-da, «Agşamyň iň gowy çykyşy» üçin ýene bir $100 000 möçberindäki bonusy Felipe Franko aldy. Deslapky kardda braziliýaly söweşiji tehniki nokaut bilen watandaşy Lewi Rodrigesden üstün çykdy.