ABŞ-nyň Miluoki şäherindäki UW-Milwaukee Panther Arena arenasynda RAF 11 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasy UFC guşagyna öňki dalaşgär, amerikaly Kolbi Kowington bilen rus-ermeni söweşijisi Arman Sarukýanyň arasynda Crossover RAF tituly ugrundaky duşuşyk boldy.
Amerikan söweşijisi duşuşygyň başyndan özüniň fiziki taýdan artykmaçlygyny hem-de göreş tejribesini üstünlikli ulanyp, birinji raunddan soň 3:0 hasabynda öňe saýlandy. Ikinji raundda Sarukýan tutluşygyň gidişini öz eline almaga çalyşdy, ýöne Kowington üstünligini 5:2 hasabyna çenli artdyrdy.
Sarukýanda güýçli ýadawlygyň alamaty görnüp başlady. Final raundynda Kowington öz tejribesi bilen tutluşygyň depginini peseldip, 5:2 hasabyndaky artykmaçlygyny saklamagy başardy. Ahyrky hasap Kowingtonyň peýdasyna 5:3 boldy.
Kowington üçin bu ýeňiş degişli ligada yzygiderli dördünji boldy we ol ýeňlişsiz ýoluny dowam etdirýär. Sarukýan bolsa RAF-yň çäklerindäki ýedi şowly duşuşygyndan soň, ilkinji gezek ýeňildi.
Agşamyň ikinji esasy duşuşygynda Bellator we ONE guramalarynyň öňki çempiony, amerikaly Ben Askren UFC-niň öňki çempiony, watandaşy Belal Muhammad bilen duşuşdy.
Duşuşyk Muhammadyň 6-3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Askren şondan soň öz karýerasyny resmi taýdan tamamlaýandygyny mälim etdi.
Şeýle-de, ýaryşyň çäklerinde UFC-niň öňki söweşijileri Kleý Guida bilen Frenki Edgaryň arasynda tutluşyk boldy. UFC-niň öňki çempiony Edgar 9-1 hasabynda ýeňiş gazandy.