Apple kompaniýasy Apple Store dükanlarynyň işgärleriniň müşderiler bilen gürrüňdeşliklerini ýazgy edýän, olary tekst görnüşine geçirýän we söhbetdeşligiň gysgaça mazmunyny awtomatik usulda taýýarlaýan Live Notes atly emeli aň ulgamyny synagdan geçirip başlady.
Bu täze gural az sanly dükanlarda enjamlary abatlamak we tehniki soraglar boýunça gelýänlere kömek edýän Genius Bar hyzmat gullugynyň hünärmenleri tarapyndan ulanylýar. Ulgam tarapyndan döredilen tekst we gürrüňdeşligiň gysgaça mazmuny işgäriň ulanýan iPad planşetine goşulýar hem-de abatlaýyş işleri resminamalaşdyrylanda peýdalanylyp bilner.
Aslynda, dükana gelen müşderi bilen gürrüňdeşlikde işgär onuň nägileligini, getirilen gurluşyň kemçiligini, ony bejermegiň meýilnamasyny we ş.m. elde ýazyp, resmi nusgany doldurmaly bolýar. Indi kompaniýa täze tehnologiýanyň şeýle ýazgylara sarp edilýän wagty gysgaltmaga we işgärleriň ünsüni müşderilere hyzmat etmäge gönükdirmäge mümkinçilik berjekdigine bil baglaýar.
Ýazgy diňe iki tarapyň hem razylygy alnandan soň başlanýar. Apple-iň berýän maglumatyna görä, ilkinji audioýazgylar saklanylmaýar, dükanlaryň ýolbaşçylary bolsa taýýar tekstlere elýeterlilik alyp bilmeýär. Maglumatlar saklanmazyndan öň işgärler tekstleri we ulgam tarapyndan taýýarlanan gysgaça mazmuny el bilen redaktirläp bilýär.
Şol bir wagtda, Apple Store işgärleriniň käbiri geljekde şeýle ýazgylaryň işgärleri okatmak ýa-da olaryň işiniň hiline baha bermek üçin ulanylyp bilinmeginden howatyrlanýar. Häzirki wagtda Live Notes diňe synag režiminde işleýär, kompaniýa onuň has giňden ornaşdyrylyp bilinjek möhletlerini aýan etmeýär.