Güýçli tokaý ýangynlary Ispaniýanyň häkimiýetlerini adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmäge mejbur etdi

Düýn, 09:074,566
1 / 3

Ispaniýanyň hökümeti Madrid sebitiniň günbatar bölegini gurşap alan we goňşy Awila welaýatyna wehim salýan giň gerimli tokaý ýangynlary sebäpli milli derejedäki adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Bu barada El Pais neşiri ýazýar.

Bu karara Madridiň günbatar böleginde bir wagtda üç sany uly ýangyn ojagynyň döremeginden soň gelindi – olaryň ikisi Wilýa-del-Prado sebitinde we biri San-Martin-de-Waldeýglesiasda ýüze çykdy. Ýokary temperatura, güýçli şemal we çylşyrymly howa şertleri ýerli gulluklara ýagdaýy özbaşdak kadalaşdyrmaga mümkinçilik bermedi.

Häkimiýetleriň berýän maglumatlaryna görä, ýangynlar sebäpli 10 müňden gowrak adam howpsuz ýere göçürildi. Ýangyny öçürmäge 270-den gowrak hünärmen, 40 töweregi ýerüsti tehnika we Harby çalt seslenme güýçleriniň (UME) bölümleri çekildi.

Häkimiýetler şeýle derejedäki adatdan daşary ýagdaýyň girizilmeginiň dörän aýratyn çäre bolup durýandygyny belleýärler. Soňky gezek umumymilli seslenmäniň üçünji derejesi 2025-nji ýylda elektrik energiýasynyň köpçülikleýin öçürilmegi sebäpli yglan edilipdi

Häzirki wagtda ýurtda birnäçe tokaý ýangyny dowam edýär. Olaryň iň ulusy, Madridiň demirgazygynda ýerleşip,  tebigy apat 30 gektardan gowrak meýdany weýran etdi.

Biraz wagt ozal, 23-nji iýulda ýangyn sebäpli Madrid bilen Barselonanyň arasyndaky ýokary tizlikli otlularyň gatnawy wagtlaýyn togtadylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.