ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna täze obýektler goşuldy. Gurama Komor Adalarynyň taryhy kwartallaryny, ABŞ-da dünýäniň iň uly batgalyklarynyň birini, şeýle hem Berlindäki modernizm döwrüniň meşhur, ýiti reňkli ýaşaýyş toplumyny gorag astyna aldy. Bu barada kararlar degişli komitetiň Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edildi.
Bu ýerleriň her biri planeta üçin ägirt uly medeni ýa-da tebigy gymmata eýedir.
Komor Adalarynyň taryhy medinalary
Komor Adalarynyň alty taryhy soltanlygynyň medinalary ýurtda Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ilkinji obýektler boldy.

Bu status alty şäheriň — Moroni, Nsujini, Isandra, Ikoni, Musamudu we Domoni şäherleriniň taryhy merkezlerini birleşdirýän obýektler toplumyna berildi. Bu medinalar soltan köşkleriniň, metjitleriň, söwda meýdançalarynyň we jemgyýetçilik meýdanlarynyň töwereginde emele gelen köne şäher kwartallarydyr.
Bu ýerlerde ilkinji ilat XI asyrdan giç bolmadyk döwürde ornaşypdyr. XIV–XV asyrlara çenli olar garaşsyz şäher-döwletlere öwrülip, soňlugy bilen Komor arhipelagynyň soltanlyklarynyň ykdysady we syýasy merkezleri bolupdyr.
Ýerli medinalar üçin dykyz gurluşyklar, daşdan salnan ýaşaýyş jaýlary, köşk toplumlary, taryhy metjitler we gorag desgalary häsiýetlidir. Kwartallaryň keşbi Gündogar Afrika, Madagaskar, arap-musulman dünýäsi we Ýewropa döwletleri bilen bolan aragatnaşyklaryň täsiri astynda emele gelipdir.
ÝUNESKO bu obýekti iki medeni ölçeg boýunça — adanyň şäher binagärliginiň nusgasy hökmünde we arhipelagyň däp-dessurlarynyň saklanyp galmagynyň subutnamasy hökmünde sanawa girizdi. Obýektiň öz meýdany, takmynan, 30,5 gektara, onuň bufer zolagy bolsa tas 132 gektara deňdir.
ABŞ-daky Okefenoki süýji suw ekoulgamy
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti statusyny Jorjiýa ştatyndaky Okefenoki batgalygy hem aldy.

Meýdany, takmynan, 407 müň akr (164,7 müň gektar) bolan bu ýer planetadaky iň uly we iň gowy saklanan süýji suw ekoulgamlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Okefenoki ABŞ-nyň günorta-gündogarynda, Jorjiýa we Florida ştatlarynyň serhedinde ýerleşýär. Millionlarça ýyl gowrak ozal bu ýerde umman düýbi bar eken, häzirki günde bolsa ol köllerdän we ýüzýän torf adalaryndan ybarat labirint bolup, bu ýerde käbir agaçlaryň ýaşy 800-900 ýyla ýetýär.
Goraghana ABŞ-da Bütindünýä mirasynyň 27-nji obýekti, Jorjiýa ştatynda bolsa ilkinji obýekt boldy. Şol bir wagtyň özünde ýerli ilatyň arasynda bu karary hemmeler goldamady: ilatyň bir bölegi BMG tarapyndan hukuklaryň çäklendirilmeginden we syýahatçylaryň köp gelmeginden çekinýär. Öz gezeginde, federal häkimiýetler bu ýeriň ABŞ-nyň Balyk resurslary we ýabany tebigaty goramak gullugynyň dolandyrmagynda galjakdygyna ynandyrdy.
Berliniň «Totuguşlar şäherçesi»
Berliniň Waldzidlung Selendorf ýaşaýyş toplumy hem ÝUNESKO-nyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Ol özüniň ýiti reňkli fasadlary bilen meşhur boldy, şol sebäpli oňa halk arasynda «Totuguşlar şäherçesi» hem diýilýär.

Waldzidlung sanawda özbaşdak obýekt bolman, 2008-nji ýyldan bäri guramanyň goragy astynda duran «Berlin modernizminiň ýaşaýyş şäherçeleri» obýektiniň düzümine girdi. Täze raýonyň goşulmagy bilen bu toplum indi Berliniň ýedi ýaşaýyş çägini birleşdirýär.

Toplum Selendorf raýonynda 1926-njy ýyldan 1932-nji ýyla çenli bolan döwürde binagärler Bruno Taut, Hugo Hering we Otto Rudolf Salwisbergiň taslamalary boýunça guruldy. Olaryň esasy ideýasy howanyň we ýagtylygyň bol bolmagynda agaçlaryň we ýaşyl zolaklaryň arasynda ýaşaýyş jaýlaryny döretmekdi. «Totuguşlar şäherçesi» diýen at dürli reňkli fasadlar sebäpli halk arasynda ornaşdy: binalaryň diwarlary gök, sary, ýaşyl we goýy gyzyl reňklere boýalan, giriş gapylary we penjireleri bolsa esasy reňke garşy ýiti reňkli elementler bilen bezelen.
Häzirki wagtda şäherçede 4 müň töweregi adam ýaşaýar.
Eýrandaky Alamut galalary
Sanawa Eýranyň demirgazygyndaky orta asyr Alamut galalarynyň toplumy hem girizildi. Indi bu ýurtda ÝUNESKO-nyň 30 sany medeni miras obýekti bar.

Obýektiň düzümine Elburs daglaryndaky (Kazwin welaýaty) ýedi sany berkitme girdi: Alamut, Lambesar, Nawizarşah, Şams-Kalae, Kostinlar, Şirfuh we Ilan. XI–XIII asyrlarda olar oýlanyşykly suw üpjünçilik ulgamy we özbaşdak goragy bolan bitewi goranyş ulgamyny emele getiripdir.
ÝUNESKO-nyň sanawyndaky beýleki täze obýektler
Tebigy obýektler:
- Garamba milli seýilgähi (Kongo DR) — seýrek duş gelýän haýwan görnüşleriniň gaçybatalgasy.
- Akaba deňiz goraghanasy (Iordaniýa) — Gyzyl deňziň goralýan ekoulgamy.
- Hajar daglaryndaky milli seýilgäh (El-Fujaýra, BAE) — baý florasy we faunasy bolan dag landşafty.
- Olimp dag massiwi (Gresiýa) — mukaddes we tebigy ýer.

Medeni we taryhy miras:
- Szindeçžen (Hytaý) — farforyň senetçilik önümçiliginiň taryhy merkezi.
- Bäş sany gaýa metjidi (Mangistau sebiti, Gazagystan).
- Wat Phra Mahathat (Nakhonsithammarat, Tailand) — esasy günorta ybadathana.
- Sidi-Bu-Said (Tunis) — gök-ak binagärligi bolan meşhur şäher-kurort.
- Sarnath (Hindistan) — zyýaratyň mukaddes buddizm merkezi.
- Orta asyr galalary (Langedok, Fransiýa).
- Normandiýa düşürme kenarlary (Fransiýa) — II jahan urşunyň ýadygärlik ýerleri.

Binagärlik:
Daşkendiň modernistik binagärligi — Özbegistandaky 10 sany ähmiýetli obýekt.
