«Real» 135 mln ýewrolyk şertnama taýýarlaýar, Kazemiro Messiniň topardaşy boldy: esasy transferler

Şu gün, 15:341,586
1 / 6

Madridiň «Real» topary tomsuň iň gymmat transferleriniň birini tamamlaýar. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, patyşalyk kluby we «RB Leýpsig» 19 ýaşly iwuarly winger Ýan Diomandeniň geçmegi barada gutarnykly ylalaşyga geldi.

«Real» onuň üçin bonus bilen birlikde 135 million ýewro tölemäge taýýar. Eger maglumat tassyklansa, transfer «Realyň» taryhynda rekord derejeli bolar. Häzirki wagtda Madrid klubunyň iň gymmat satyn alan oýunçysy angliýaly ýarymgoragçy Jud Bellingemdir. Ol 2023-nji ýylyň tomsunda Dortmundyň «Borussiýasyndan» 127 mln ýewro satyn alnypdy.

Ýakyn wagtda futbolçy Madride ugrap, ol ýerde lukmançylyk barlagyndan geçer we klub bilen 2031-nji ýylyň iýunyna çenli hereket etjek şertnama gol çeker.

Diomande «RB Leýpsigde» 2025-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip gelýärdi. Bundesligadaky ilkinji möwsüminde ol öz hasabyna 12 gol we 8 assist ýazdy.

Ýene bir bellemeli transfer argentinaly ýarymgoragçy Alehandro Garnaçonyň «Aston Willa» toparyna kärendesine gitmegidir. Klub onuň «Çelsiden» bir möwsümlik geçendigini mälim etdi. Ylalaşyga bellibir şertler ýerine ýetirilen halatynda hökmany satyn almak opsiýasy hem girizildi.

Birmingemlileriň baş tälimçisi Unai Emeri bu geçişe şeýle teswir berdi:

«Biz Alehandro haýran galýarys. Ol örän zehinli ýaş futbolçy we biziň taslamamyza kömek etmek islegini görkezdi».

«Çelsi» üçin argentinaly 43 oýna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi we dört assist etdi.

Ýene bir uly wakalaryň biri Kazemironyň karýerasyny dowam etdirmegidir. Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi erkin agent hökmünde Lionel Messiniň topardaşy boldy. Ol «Inter Maýami» bilen ýene iki möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama gol çekdi.

Braziliýaly eýýäm MLS-de debýut edip, «Klýob de Fut Monreal» toparyna garşy doly oýny geçirdi. Bu oýun Luis Suaresiň penaltiden uran goly netijesinde maýamili toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Beýleki transferler we kadr habarlary:

  • Karim Adeýemi Dortmundyň «Borussiýasyndan» «Barselona» resmi taýdan geçdi. Şertnama 2031-nji ýyla çenli niýetlenen, geleşigiň möçberi bolsa, KHBS-iň maglumatlaryna görä, 22 million ýewro bolup, 7 million ýewro çenli bonusy hem göz öňünde tutýar.

  • DÇ-2026-nyň esasy ýyldyzlarynyň biri, Kabo-Werde ýygyndysynyň derwezebany Wozinýa Çiliniň «Kolo-Kolo» toparyna geçmäge ýakyn. Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, taraplar eýýäm dilde ylalaşyk gazandy.
  • Li Kan In Madridiň «Atletiko» toparynyň oýunçysy boldy. Günorta Koreýanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy bäşýyllyk şertnama gol çekdi, «PSŽ» bolsa bu transfer üçin 35 million ýewro we ýene 5 million ýewro çenli bonus alar.
  • Özbegistanyň ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow «Mançester Siti» bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy.
  • 40 ýaşly Luka Modriç «Milanda» galýar. Ol ylalaşygyny ýene bir möwsüm — 2027-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy.
  • Ýurgen Klopp 2030-njy ýyla çenli şertnama gol çekip, Germaniýanyň ýygyndysyna resmi taýdan baş tälimçi boldy.

  • Belgiýanyň ýygyndysynyň täze baş tälimçisi Mark wan Bommel boldy. Onuň milli topar bilen ylalaşygy 2028-nji ýylyň Ýewropa çempionatyna çenli niýetlenýär.
  • Andrea Pirlo indi Italiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi ornuna dalaş etmeýär. Italiýanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ony wezipä bellemek işi hünärmeniň Russiýanyň «Fonbet» bukmeker kompaniýasy bilen täjirçilik hyzmatdaşlygy bilen baglylykda ýüze çykan dawa-jedelleriň netijesinde saklandy.
  • Zinedin Zidan resmi taýdan Fransiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi bellenildi. 54 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2030-njy ýyla çenli hereket eder.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.