Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda golaýda geçirilen dünýä çempionatynyň iň gowy goly yglan edildi. Janköýerleriň ses bermeginiň netijeleri boýunça Kabo-Werde ýygyndysynyň goragçysy Sidni Lopeş Kabralyň 1/16 finalda Argentina garşy oýunda uran takyk zarbasy iň gowy gol diýlip ykrar edildi.
Türkiýäniň «Trabzonspor» toparynda çykyş edýän 23 ýaşly futbolçy duşuşygyň 103-nji minutynda tapawutlandy. Ol jerime meýdançasynyň çep burçundan Emiliano Martinesiň derwezesiniň uzak aralykdaky ýokarky burçuna takyk zarba urup, hasaby deňledi — 2:2.

Duşuşygyň jemleýji 2:3 hasaby Kabo-Werdeniň goragçysy Dineýiň 111-nji minutda öz derwezesine uran golundan (awtogol) soň bellenildi.
Iň gowy goluň eýesi diýen ada şeýle hem Elaýja Djast (Täze Zelandiýa), Kilian Mbappe (Fransiýa), Lionel Messi (Argentina), Wilşon Izidor (Gaiti), Kerim Alaýbegowiç (Bosniýa we Gersegowina), Daýdzen Maeda (Ýaponiýa), Eldor Şomurodow (Özbegistan), Erling Holand (Norwegiýa), Hulian Alwares (Argentina), Jud Bellingem (Angliýa) we Ferran Torres (Ispaniýa) dalaşgär boldular.
Ýaryş 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçirildi. Dünýäniň çempiony diýen ady finalda goşmaça wagtda Argentinany 1:0 hasaby bilen ýeňen Ispaniýanyň ýygyndysy eýeledi.