Roberto Mançini ýene-de Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň başyna geçýär. Bu barada Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň (FIGC) prezidenti Jowanni Malagonyň beýanatyna salgylanýan La Repubblica gazeti habar berýär.
61 ýaşly Mançini milli ýygyndynyň dünýä çempionatyna saýlama duşuşyklaryndan geçip bilmändigi sebäpli aprel aýynda wezipesinden çekilen Jennaro Gattuzonyň ornuny eýelär. Häzirki wagtda FIGC-niň Federal geňeşi bu kadr çözgütleriniň iň soňky resminamalaşdyrylyşy boýunça maslahatlaşýar.

Mançini 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli hem Italiýanyň ýygyndysyna tälim beripdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2020-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy we Milletler ligasynda iki gezek bürünç medala eýe boldy. Ýöne muňa garamazdan, italýanlar 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň final tapgyryna çykyp bilmändiler. Milli ýygyndydan gidenden soň hünärmen Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynda, soňra bolsa Kataryň «Al-Sadd» klubunda işledi.
Ondan öň ol «Fiorentina», «Lazio», «Inter», «Mançester Siti», «Galatasaraý» we «Zenit» ýaly toparlara tälim berdi.

Şol bir wagtyň özünde Klaudio Ranýeriniň FIGC-niň tehniki müdiri boljakdygy-da mälim boldy. Ol bu wezipede bary-ýogy 16 gün işläp ýetişen Paolo Maldininiň ornuny eýelär.
Italýan köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Maldininiň duýdansyz wezipesinden gitmegine Andrea Pirlonuň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine dalaşgärligi baradaky düşünişmezlikler sebäp boldy. Has anygy, Pirlonuň «Fonbet» bukmekerlik kompaniýasy bilen şertnamasynyň bolmagy sebäpli ony Italiýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellemek karary syýasy taýdan uly dawa we çekeleşmelere getirdi.
Öz zähmet ýolunda 74 ýaşly Ranýeri «Napoli», «Fiorentina», «Ýuwentus», «Inter», «Walensiýa», «Atletiko», «Çelsi», «Fulhem», «Wotford», «Lester», «Monako», «Nant», «Roma» ýaly toparlara we Gregiýanyň milli ýygyndysyna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygynda 2016-njy ýylda «Lester» Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony bolupdy. Iýun aýynda oňa Italiýanyň milli ýygyndysyna tälim bermek teklip edilipdi, emma ol teklipden ýüz öwrüpdi.