Taryhyň janly şaýady: Alp daglarynda 1100 ýaşly agaç tapyldy

08.08.2026, 13:595,211
1 / 2

Alymlar Ýokary Algoý sebitindäki çetki alp öri meýdanynda ösýän tis agajyny resmi taýdan Germaniýanyň iň garry agajy diýip ykrar etdiler. Degişli hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu täsin agajyň ýaşy 1100-e golaýdyr.

Agaç Mukaddes Rim imperiýasynyň düýbi tutulmazdan (962-nji ýyldan) has öň peýda bolup, Ýewropa taryhynyň esasy wakalarynyň - haçly ýörişleriň, «Gara ölüm» epidemiýasynyň, Reformasiýanyň, iki sany Jahan urşunyň we Germaniýanyň birikmeginiň şaýady boldy.

Bu garry agaç barmasy kyn ýerde – Ştaýbis we Balderşwang obalarynyň aralygyndaky demirgazyk-gündogar eňňitde, deňiz derejesinden 1100 metr belentlikde ösýär. Bu ägirt agajyň ýogynlygy 5,1 metre ýetýär. Alymlar tis agajynyň öz ösýän beýiklik zolagynyň iň ýokarky serhedinde diýen ýaly ýerleşýändigini we ol ýerdäki ýowuz howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, onuň şu güne çenli saklanyp galmagynyň hakyky gudratdygyny belleýärler.

«Ýylyň gyşky möwsüminde Gün şöhlesinden tas mahrum bolan bu ýer şol bir beýiklikdäki günorta eňňitlerden ep-esli sowukdyr — diýip, Nemes dendrologiýa jemgyýetiniň hünärmenleri düşündirýärler. — Hut şonuň üçin-de onuň asyrlaryň dowamynda özüni gowy saklap galmagynyň gudrat kemi ýok. Hatda häzirki dowam edýän gyzgynlyk hem oňa has ýaraýan bolmagy ahmal».

Drezden Tehniki uniwersitetiniň agaç biologiýasy boýunça at gazanan professory Andreas Rolloff agaja tebigatyň döreden binagärlik gözelligi hökmünde baha berýär:

«Onuň göwresi — jaýryklardan, gabarçaklardan, ýaryklardan we öýjüklerden doly, dürli-dürli böleklerden emele gelen täsin bir ymaratdyr».

Barlagçylar agajyň düme ösendigini çaklaýarlar. Olaryň pikiriçe, onuň tohumyny guş getirip taşlan bolmaly. Algoýdaky tis agajy ýurduň iň garry agajy diýen ady Upştetdäki (Pasyň aşaky Saksoniýasy) ýaşy müň ýyl diýlip kesgitlenilýän lipa agajynyň elinden aldy. Ýeri gelende aýtsak, Algoýdaky agaç diňe bir biologik däl, eýsem, taryhy ähmiýete hem eýedir. Çünki adamlar asyrlarboýy tis agajyna ýokary baha beripdirler, hatda 5 müň ýyl öň ýaşan meşhur «buz adamy» Ötziniň aw ýaýy hem hut şu agaçdan ýasalypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, Germaniýada üçünji ýerde Raesfeldde ösýän we ýaşy 900-i töwereklän «Erler Femeýhesi» atly meşe agajy durýar. 1363-nji ýyldan bäri onuň saýasynda gizlin we tiz jezalandyryş işleriniň alnyp barlandygy sebäpli, ol Ýewropanyň iň garry «höküm agajy» hökmünde-de meşhurdyr.

Emma muňa garamazdan, dünýä rekordlary german tisiniň ýaşyndan ep-esli ýokarydyr. Ýer ýüzünde iň garry agaç Kaliforniýanyň Waýt-Mauntins daglaryndaky (ABŞ) ýaşy 5000-den agan çam agajydyr. Şwesiýadaky «Garry Tikko» lakamly arçanyň köküniň bolsa, takmynan, 9550 ýyllyk taryhy bar.

Aslynda düýbi-köki bilen seretsek, bu babatda dünýä rekordy ABŞ-daky «Pando» atly ösümlik ojagyna (klonal koloniýasyna) degişli, çünki ol ýerdäki agaçlaryň bary bir kökden emele gelen. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, onuň umumy kök ulgamy, takmynan, 80 müň ýyl bäri ýaşamagyny dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.