Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-nyň wekili bilen duşuşdy

07.08.2026, 22:093,700

7-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işleri ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy. Hususan-da, BMG ýaly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim we sport babatdaky gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Diplomatlar yzygiderli dialogy dowam etdirmäge we konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.