Hyundai kompaniýasy Tucson krossoweriniň bäşinji nesliniň ilkinji suratlaryny çap etdi. Modeliň resmi tanyşdyrylyşynyň oktýabr aýynda bolmagyna garaşylýar.
Modeliň daş keşbi düýpgöter özgerdi, gabarasy hem ulaldy.

Indi modeliň uzunlygy 60 mm artyp, 4700 mm-e ýetdi, ini bolsa 40 mm artyp — 1905 mm boldy. Tigir bazasy 30 mm uzalyp, indi 2785 mm-e deň. Bu yzky hatardaky ýolagçylaryň oturýan ýerini giňeltmäge, şol sanda olaryň depesindäki ýeri takmynan 30 mm beýige galdyrmaga mümkinçilik berdi.
Ulagyň daş keşbi Art of Steel geometrik äheňinde ýerine ýetirilen. Maşynyň öň tarapynda dik görnüşli gündizki hereket çyralary, lokga bufer hem-de tutuş kuzowyň ini bilen uzap gidýän ýagtylandyryjy diodly zolak oturdylypdyr. Yzky böleginde inçe dik çyralar we ýene şonuň ýaly uzyn kese ýagtylandyryjy ulanylýar.
XRT wersiýasy has gödek, gönüburçlyklar agdyklyk edýän dizaýnda ýerine ýetirilen.

Modeliň interýeri hem doly täzelendi. Iki ekranly egri paneliň ýerine indi bitewi Pleos multimediýa ulgamy ulanylýar. Sürüjiniň öňünde ykjam sanly enjamlar paneli we gyralary aýlawly dörtburç rul ýerleşýär.


Merkezden geçýän "tunnel" birnäçe gat edilip ýerine ýetirilipdir, onda smartfonlara simsiz zarýad bermek üçin ýer hem göz öňünde tutulan.
Täze Tucson-yň tehniki häsiýetnamalary entek aýan edilenok.