Hyundai-yň düzümindäki Genesis lýuksa ulaglar brendi täze flagmanyny — äpet Genesis GV90 elektrokrossowerini köpçülige hödürledi.
Ulaga ýöne bir uly diýmek bärden gaýdýar, ol, hakykatdan hem, äpet: uzynlygy 5286 mm, tigir bazasy bolsa 3246 mm-e deňdir.
Model täze eMP batareýa platformasynyň binýadynda guruldy. Ol 657 at güýjüni we 800 Nm aýlanma pursadyny öndürýän kuwwatly güýç gurluşy bilen üpjün edildi. Doly derejeli ýedi orunlyk krossower 123,5 kWt/sag kuwwatyndaky batareýasy bilen, takmynan, 500 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär.
Inženerler bu «mähneti» dolandyrmagy ýeňilleşdirmek üçin, ony pnewmatik asma, öwrülýän arka okly tigirler hem-de ýokary sürtülmeli iki sany elektron differensial bilen enjamlaşdyrdylar.



Täze ulaga iň esasy üns çekýäni — Neolun wersiýasy boldy. Bu model döredilende Genesis-iň hünärmenleri Rolls-Royce-yň estetikasyndan ylham alan bolmaly: bu wersiýada gapylar ortadan ikä açylýar, merkezi sütüni bolsa düýbünden ýok! Awtoulag jebisligini ýitirmez ýaly, onuň gabarasy berk polat we turba şekilli elementler bilen berkidilip, gapylary täsin mehanizmli iki basgançakly petleler bilen üpjün edilen. Olar ilki çala daşyna, soňra bolsa birek-birege päsgelçilik bermezden açylýarlar.

GV90-nyň salony adaty awtoulagdan tapawutlylykda, biznes-jete (kaşaň uçaryň salonyna) ýa-da döwrebap myhmanhana çalym edýär.
Ulagyň adaty enjamlar paneli 25 dýuýmlyk äpet proýeksiýa displeýi bilen çalşylyp, onuň merkezi konsolyndan 24,6 dýuýmlyk OLED ekrany çykýar. Bularyň üstüne aýna düwmeleri, "akylly" elektrik deflektorlary we 25 dinamikden ybarat Bang & Olufsen akustikasyny goşmak bolar.


Ulagyň oturgyçlary 15 sany howa kamerasy we wibrasiýaly massaž enjamy bilen üpjün edilen. Neolun wersiýasynda bolsa öňki oturgyçlar ulag duran ýagdaýynda yzky ýolagçylara tarap 180 gradus öwrülip bilýär. Bu salony rahat otaga öwürýär.
Bu amatlyklary hem az görýänler üçin ulagyň dört orunlyk Executive Suite wersiýasy hödürlenýär. Onda hakyky agaç pol, gurnalan sowadyjy, süýşýän stoljyklar, bölüji germew hem-de elektrohromly garaňkyladyjysy bolan alty zolakly panorama üçegi bar.

Resmi bahalar heniz gizlin saklanýar, ýöne ABŞ-nyň bazarynda adaty GV90-nyň bahasy 100 müň dollardan geçse gerek, eksklýuziw Neolun, elbetde, has-da gymmat bolar.
Bazarda täze flagman baý alyjylaryň ünsüni çekmek üçin Cadillac Escalade IQ, Lucid Gravity, şeýle hem ýangyçly hereketlendirijili nusgawy ägirtler bolan BMW X7, Mercedes-Benz GLS we Range Rover bilen bäsleşmeli bolar.