«Bawariýa» 12-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi

Şu gün, 12:171,968
1 / 2

Mýunheniň «Bawariýasy» futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda Dortmundyň «Borussiýasyndan» üstün çykdy.

Oýun Dortmund toparynyň öý stadiony bolan «Signal Iduna Parkda» geçirildi. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Bawariýanyň» peýdasyna tamamlandy.

Wensan Kompaniniň şägirtleri eýýäm birinji ýarymda iki gol bilen artykmaçlygy öz ellerine aldy. 28-nji minutda Maýkl Oliseniň topy geçirmeginde toparyň täze goragçysy Nataniel Braun hasaby açdy. 45-nji minutda bolsa Oliseniň özi gol saldy.

Dortmundlylaryň düzüminde ýeke-täk goly 75-nji minutda Fabiu Silwa geçirdi. Duşuşygyň soňky minutlaryny «Borussiýa» azlykda oýnady — 90-njy minutda Rami Bensebaini ýarymgoragçy Ismael Saýbarä garşy howply oýnandygy üçin göni gyzyl kart aldy.

Şeýlelikde, «Bawariýa» öz taryhynda 12-nji Germaniýanyň Superkubogyny gazandy, bu bolsa ýaryşyň rekordydyr. «Borussiýa» finalda ýedinji gezek utulyp, özüniň 7-nji titulyny gazanmak mümkinçiligini elden gidirdi.

Germaniýanyň Superkubogy üçin duşuşyga «Bawariýa» Germaniýanyň çempiony we ýurduň Kubogynyň eýesi hökmünde gatnaşdy. «Borussiýa» bolsa geçen möwsümiň netijeleri boýunça Bundesligada ikinji orny eýeläpdi.

Garşydaşlar üçin bu ýurduň Superkubogyny almak ugrunda 10-njy duşuşyk boldy: mýunhenliler Dortmund toparyndan dört gezek utulyp, şu gezek altynjy ýeňşini gazandy. 

Geçen möwsümde «Bawariýa» Superkubok ugrundaky oýunda «Ştutgarty» 2:1 hasaby bilen utupdy.

Eýýäm geljek hepdede toparlar Bundesliganyň täze möwsüminde oýnap başlar: «Bawariýa» 28-nji awgustda «Ştutgarta» garşy oýnar, «Borussiýa» bolsa 29-njy awgustda «Gamburg» bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.