Alypsatara ulag ýok: Toyota ýüzlerçe adam isleg bildirse-de, ýekeje-de GR GT satmady

Düýn, 21:512,384
1 / 10

Toyota kompaniýasy satyn almaga ýüzlerçe adam isleg bildirýändigine garamazdan, täze GR GT superkaryndan entek ýekejesini-de satmady. Kompaniýa häzirki wagtda diňe potensial alyjylar barada maglumat ýygnaýar we awtomobili kimiň satyn alyp biljekdigi barada belli-külli karara gelmedi.

«Carscoops» neşiriniň ýazmagyna görä, modele bolan gyzyklanma şeýle bir uly boldy welin, Toyota müşderilere öňünden duýdurdy: hemmeleriň islegini kanagatlandyrmak mümkin däl. «The Quail» çäresiniň dowamynda 150-den gowrak müşderi GR GT bilen tanyşmak üçin kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşdy.

Amerikan bazary üçin bary-ýogy 200–250 töweregi awtomobiliň bölünip berilmegine garaşylýar. Dürli bazarlar üçin ulagyň gutarnykly sany entek yglan edilmedi.

Toyota gyzyklanma bildirýän müşderiler barada maglumat toplamak üçin ýörite sahypa-da açdy, ýöne ol ýerde arza goýulmagy ulagyň satyljagyna kepillik bermeýär.

Kompaniýa seýrek duş gelýän awtomobilleriň diňe soňlugy bilen ýokary bahadan gaýtadan satmak üçin satyn alynýan ýagdaýyna ýol beresi gelenok. Awtomobili, hakykatdan hem, ony ulanmak isleýän müşderiler alyp biler. Mundan öň Gazoo Racing-iň sport awtomobilleri maksatnamasynyň direktory Jeff Ball potensial alyjylaryň ýörite barlagdan geçmelidigini aýdypdy.

Häzirlikçe GR GT-ni gaýtadan satmaga başga-da goşmaça çäklendirmeleriň giriziljekdigi ýa girizilmejekdigi näbelli.

Awtomobiliň özi Gazoo Racing-iň sport hatarynda iň ýokary derejeli ulag bolar. Ol iki sany turbokompressorly we gibrid ulgamly 4,0 litrlik V8 benzin hereketlendirijisini alar. Umumy kuwwaty 650 at güýjünden geçer, iň ýokary aýlanma pursaty bolsa, takmynan, 850 Nm bolar. Güýç enjamy sekiz basgançakly awtomat bilen işleýär.

ABŞ-da başlangyç bahanyň, takmynan, 220 müň dollar bolmagyna garaşylýar. Müşderiler ilkinji awtomobilleri 2027-nji ýylda alyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.