Opel Frontera krossoweriniň başlangyç wersiýasyny hödürledi. Ulag markanyň Germaniýada iň arzan ýeňil awtoulagy boldy. Onuň bahasy 21,99 müň ýewrodan başlanýar, bu bolsa öňki bazar modifikasiýasyndan 2750 ýewro arzan.
Frontera Start 100 at güýjündäki 1,2 litrlik benzinli turbomotor we alty basgançakly mehaniki geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylýar. Ulagy öňki tigirleri herekete getirýär.

Bahasyny arzanlatmak üçin awtoulaga 16 dýumlyk ştamplanan diskalar we boýalmadyk kuzow elementleri oturdyldy. Salonda multimediýa ulgamyna derek smartfon berkidilýän enjam goýlupdyr. Şeýle hem alyjy beren pulunyň içinde 10 dýumlyk sanly gurallar panelli ekrany, kondisioneri, yzky parktronikleri we zolakdan çykandygy barada duýduryş ulgamyny alýar.
Üstüne töläp, goşa düýpli bagažnik hem-de gorag perdelerindäki kosmetiki aýnalary bolan Comfort toplumyny sargyt etmek bolýar. Täsin ýeri, ýönekeýleşdirilen wersiýa üçin kuzowyň esasy reňki hökmünde ak däl-de, gök saýlanypdyr.

Germaniýada Opel Frontera indi 23,3 müň ýewrodan başlanýan Corsa hetçbeginden we 27,4 müň ýewrodan başlanýan Mokka krossowerinden hem arzandyr. Şol bir wagtda, Stellantis konserniniň iň elýeter krossoweri — Citroen C3 Aircross bolmagynda galýar (bahasy 19,2 müň ýewro).
Opel Rocks Electric ondan hem arzan bolsa-da, Ýewropada ol agyr kwadrisikllere degişli bolup, resmi taýdan ýeňil awtoulag hasaplanmaýar.