Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň we biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda toprak örtüginde metanyň zyňyndylaryny netijeli zyýansyzlandyrýan täze nesil bioserişdesini döretdi.
Serişdäni işläp düzmekde sebitde bar bolan we ýerli klimata uýgunlaşan bakteriýalar ulanyldy. Bu bakteriýalar metanmonooksigenazyň kömegi bilen metany kömürturşy gaza we suwa öwürýär. Ulanmakda amatly bolar ýaly bakteriýalar elýeterli ýerli materiallar bilen birleşdirildi we gorag mikrogurşawy döredildi.
Metan zyňyndylary global ýylamanyň esasy günäkerleriniň biridir: ol atmosferada ýylylygy kömürturşy gazyndan hem on esse güýçli saklaýar. Onuň artykmaçlygy ekoulgama we adam saglygyna uly zyýan ýetirýär.
Täze bioserişde senagat ýüküniň ýokary bolan ýerlerinde metany zyýansyzlandyrmakda ýokary netijeliligi, ýerli çig malyň peýdalanylmagynyň hasabyna tygşytlylygy hem-de daşary ýurtdan önümlere garaşsyzlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem ol adamlar, haýwanlar we daşky gurşaw üçin howpsuzdyr.
Bu ylmy açyş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, energetika pudagynda ekologiýa gözegçiligini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan durnukly ösüş syýasatynyň netijesidir.
Ýakynda türkmen alymlary topragy nebit önümlerinden arassalamagyň hem biologik usulyny oýlap tapdylar.