Papa Lew XIV Türkmenistandaky katolik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny belledi

Şu gün, 00:45526

Rim Papasy Lew XIV polşaly ruhany Pawel Ýanuş Kubýagy Watikanyň Türkmenistandaky sui iuris katolik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy edip belledi. Bu barada Watikanyň metbugat gullugyna salgylanyp, «Vatican News» agentligi habar berdi.

Kubýak bu wezipede wekilhanany 1997-nji ýylda esaslandyrylaly bäri, tas 30 ýyl dolandyran tagsyr Anjeý Madeýi çalyşdy.

Mundan öň Kubýak keşişler jemgyýetiniň başlygy we wekilhananyň ykdysatçysy wezipelerini eýeledi. Ol Türkmenistana 2023-nji ýylda geldi, şol ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri bolsa bu wezipeleri ýerine ýetirip gelýärdi.

Pawel Ýanuş Kubýak 1974-nji ýylyň 8-nji fewralynda Polşanyň Turek şäherinde doguldy. 1994-nji ýylda ol Oblat missionerler kongregasiýasynda taýýarlyk geçip başlady. 1995-nji ýylda başlangyç taýýarlyk okuwlaryny tamamlady, 1999-njy ýylda ömürlik keşiş kasamyny berdi, 2001-nji ýylyň 23-nji iýunynda bolsa Obranyň ruhanysy bellendi.

Ruhanylyk derejesini alandan soň, Kubýak Oblat missionerleriň Polşa prowinsiýasynyň Ukrainadaky we Russiýadaky wekilhanasynda ilkinji wezipä bellenip, Türkmenistana göçüp gelýänçä şol ýerde gulluk etdi.

Watikan tarapyndan ulanylýan «sui iuris wekilhanasy» adalgasy katolik jemgyýetiniň prefektura ýa-da ýeparhiýa döretmek üçin ýeterlik derejede uly bolmadyk ýerinde aýratyn özbaşdak ybadathana gurluşyny aňladýar. Oňa Papanyň özi tarapyndan bellenilýän ruhany ýolbaşçylyk edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.