Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinmäge esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Serbiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.